HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaý tostynyň meşhurlygy dubaý şokoladynyň täsiri bilen ösmegini dowam etdirýär

Maý 23, 2025 | 16:30 |4906
«Dubaý tosty» pikiri arap ýurtlarynda giňden tanalýan pisse kremi bilen inçe, kibirdeýän kataifi hamyrynyň utgaşmasyna esaslanýan süýjülikden gelip çykýar«Dubaý tosty» pikiri arap ýurtlarynda giňden tanalýan pisse kremi bilen inçe, kibirdeýän kataifi hamyrynyň utgaşmasyna esaslanýan süýjülikden gelip çykýar
Çeşme: myguide-dubai.com

Ýakynda süýtli şokoladyň, pisse pastasynyň we meşhur türk baklawasynyñ taýýarlanylýan kataifi hamyrynyň üýtgeşik utgaşmasyndan ybarat bolan süýjülik BAE-niñ daşyna çykyp, bütindünýä derejesinde meşhurlyk gazanan «dubaý şokolady» görnüşinde tanalyp başlan ýaly. Adaty bolmadyk we gymmat bahaly bu süýjülik şeýlebir meşhurlyga eýe boldy welin, dünýäniň dürli künjeklerinde onuň analoglary peýda boldy, hatda Lindt ýaly belli kompaniýalar hem onuň görnüşlerini çykardy.

Britaniýada we ABŞ-da oňa bolan isleg şeýle bir ýokary boldy welin, käbir dükanlarda her adama diňe birnäçe sany satmak ýaly çäklendirme girizildi. Sosial ulgamlarda ulanyjylar dubaý şokoladynyň öý şertlerinde taýýarlanýan usullary bilen paýlaşyp başladylar. Ine, indi bolsa zumerleriň arasynda täze trend – «dubaý tosty» giňden ýaýrap başlady. Bu täsin süýjülik pisse pastasy we kibirdeýän kataifi hamyry bilen doldurylan tost bolup, şokolad bilen örtülýär.

Dubai Chocolate_150525_GettyImages-2181217469.jpg

Hi-tech.mail sahypasynda bellenilşi ýaly, «dubaý tosty» pikiri arap ýurtlarynda giňden tanalýan pisse kremi bilen inçe, kibirdeýän kataifi hamyrynyň utgaşmasyna esaslanýan süýjülikden gelip çykýar. Emma täze trendde esasy üns amatlylyga we elýeterlilige gönükdirildi: pisse içlikli, altynsow reňke çenli gowrulan örtükli we şokolad bilen gaplanan tostlar meşhur köçe tagamlaryna öwrüldi. Konditerler dubaý tostynyň taýýarlanyş usuly bilen dürli synaglary geçirmäge başladylar: olara dürli ingrediýentleri – hoz, karamel ýa-da hoşboý ysly huruşlary goşup, täze tagam utgaşmalaryny döretýärler. Bu tostlar gysga wagtda kafelerde, köçedäki azyk nokatlarynda we käbir restoranlaryň menýularynda peýda boldy.

dubai-chocolate-french-toast-final.jpg

Dubaý tostynyň meşhurlygy sosial ulgamlarda hem öz beýanyny tapdy — ulanyjylar taýýarlanyş usullary we bu tagamyň suratlary bilen paýlaşýarlar. Köpler onuň üýtgeşik tagamyny we özüne çekiji görnüşini bellemek bilen, täze we özboluşly tagamlary halaýanlar üçin ajaýyp saýlawdygyny aýdýarlar.

Şeýlelikde, dubaý tosty diňe bir tagamly nygmat bolman, eýsem, gündogar süýjülikleriniñ beýleki medeniýetler tarapyndan hem uly höwes bilen kabul edilip bilinjekdiginiň subutnamasyna öwrüldi. Onuň meşhurlygy barha artýar, we mümkin, geljekde bu tagam dünýäniň gastronomik kartasynyň aýrylmaz bölegine öwrüler diýip, çeşme belleýär.

chai-toast.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026