HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TULM ilkinji Gazagystan - Birleşen Arap Emirlikleri ugry boýunça konteýner otly düzümini ugratdy

Maý 22, 2025 | 15:10 |5189
Bu ýerden ugran konteýner otly düzümi Bender abbas portunda deňiz ulaglaryna ýüklenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali deňiz portuna ugradyldyBu ýerden ugran konteýner otly düzümi Bender abbas portunda deňiz ulaglaryna ýüklenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali deňiz portuna ugradyldy
Çeşme: tulm.tm

2025-nji ýylyň 18-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Gazak demirýollarynyň “KTZ Express” paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Gazagystan Respublikasynyň Zaýataýskaýa demirýol stansiýasyndan jemi 62 sany 40’futluk bugdaý ýükli konteýnerlerden ybarat bolan ilkinji synag otly düzümi Serhetýaka serhet geçelgesinden girip, ol ýerden Etrek stansiýasynda wagondan wagona ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp GDA döwletleriň wagonlaryndan eýran wagonlaryna geçirildi.

Bu ýerden ugran konteýner otly düzümi Bender abbas portunda deňiz ulaglaryna ýüklenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali deňiz portuna ugradyldy. Belläp geçsek, bu ýük gatnawyny TULM ýurdumyzda ilkinji bolup gurnady.

Bilşimiz ýaly, TULM «Demirgazyk-günorta» we «Günbatar-gündogar» ýaly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde multimodal we konteýner ýük gatnawlary babatynda ýerine ýetirýän işleri örän ähmiýetlidir we ýurdumyzda amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň hatarynda öz ornuny ilkinjileriň arasynda alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026