HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda binagärlikde, ekologiýada we energetikada häzirki zaman çagyryşlary we çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 21, 2025 | 14:00 |4308
Şu gün, 21-nji maýda, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda “Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni” atly halkara onlaýan ylmy-amaly maslahaty geçirildi we bu çäre Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraldy.Şu gün, 21-nji maýda, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda “Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni” atly halkara onlaýan ylmy-amaly maslahaty geçirildi we bu çäre Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraldy.
Çeşme: Orient.tm

Şu gün, 21-nji maýda, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda “Aşgabat – milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni” atly halkara onlaýan ylmy-amaly maslahaty geçirildi we bu çäre Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraldy. 1 Maslahatyñ maksady – ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary goldamak, ylmy işgärleri taýýarlamak hem-de talyplaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek boldy.

Foruma Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, magistrantlary, aspirantlary we doktorantlary, şeýle hem ylmy edaralaryň hem-de degişli ugurly kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşdy. 2 Maslahatyñ başynda gatnaşyjylar institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy-barlag we taslama işleri, şeýle hem amaly sungat eserleri bilen tanyşdylar. Tanyşdyryşda okuw mekdebiniň täze binalarynyň gurluşygyna degişli taslamalar aýratyn gyzyklanma döretdi. Olaryň arasynda 2026-njy ýylyň sentýabrynda açylmagy meýilleşdirilýän institutyñ täze binasynyň taslamasy hem görkezildi. Işläp taýýarlanan taslamalaryň käbiri eýýäm durmuşda amala aşyryldy. 3 Sergi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli netijelerini aýdyň görkezdi. Ýaş hünärmenleriň hödürlän binagärlik çözgütleri şäher we oba ýerleriniň ösüşine innowasion çemeleşmeleri teklip etdi. 4 Maslahatyñ umumy mejlisinde daşary ýurtly alymlar öz ýurtlarynda binagärlik sungatynyň aýratynlyklary, häzirki zaman şäher gurluşygyndaky innowasiýalar, gurluşyk pudagynda ulanylýan täze tehnologiýalar barada çykyş etdiler. 5 Çykyş edenler şäher gurşawyny tebigy gözellik bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň, binagärlik-gurluşyk bilimini kämilleşdirmegiň we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu temalar uly gyzyklanma döredip, giňişleýin pikir alyşmalara sebäp boldy. 6 Maslahatyñ esasy wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen ylym, bilim we önümçilik arasynda baglanyşygy pugtalandyrmak, mugallymlar, aspirantlar we talyplar arasynda ylmy gatnaşygy giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, häzirki zaman okuw usullaryny ornaşdyrmak hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmak boldy. Şeýle hem binagärlik, gurluşyk, ekologiýa, himiýa tehnologiýasy, energetika we logistika ugurlarynda döwrebap ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak meseleleri gozgaldy.

Maslahatyñ dowamynda aşakdaky ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi: binagärlik, dizaýn, şäher gurluşygy we sanly tehnologiýalar; senagat we ýaşaýyş jaý gurluşygynda gurluşyk tehnikasy we tehnologiýa çözgütleri; ulag infrastrukturasy; seýsmik durnuklylyk; ekologiýa howpsuzlygy; energetika, şol sanda alternatiw energiýa çeşmeleri; gurluşyk ykdysadyýeti, dolandyryş strategiýalary we logistika; gurluşyk materiallarynyň organiki däl himiýa tehnologiýasy. Çäräniň netijesi boýunça alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň çykyşlaryny öz içine alýan elektron tezisler ýygyndysy taýýarlanyldy.

Geçirilen halkara sergi we maslahat Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşine ýardam edýän tehnologiýa çözgütleriniň tanyşdyrylyşy, tejribe alyşmak we hünär dialogy üçin platforma boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026