HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2025-nji ýylyň Bütindünýä bilim forumynda: bilim ulgamynyň sanly transformasiýasynyň ileri tutulýan ugurlary

Maý 21, 2025 | 11:10 |6268
2025-nji ýylyň 19-njy maýynda London şäherinde Bütindünýä bilim forumynyň çäklerinde bilim ulgamynda sanly transformasiýasy barada möhüm bölümçe maslahatlaşmasy geçirildi2025-nji ýylyň 19-njy maýynda London şäherinde Bütindünýä bilim forumynyň çäklerinde bilim ulgamynda sanly transformasiýasy barada möhüm bölümçe maslahatlaşmasy geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 19-njy maýynda London şäherinde Bütindünýä bilim forumynyň çäklerinde bilim ulgamynda sanly transformasiýasy barada möhüm bölümçe maslahatlaşmasy geçirildi. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew esasy çykyş edýänleriň arasynda boldy.

Bölümçede dünýäniň bilim ulgamyndaky liderleri, şol sanda Gananyň bilim ministri Harun Idris we Italiýanyň Bilim ministrliginiň baş direktory Sabrina Kapasso hem gatnaşdy. Bölümçäni Bilim obserwatoriýasynyň alymy Maýk Trukano alyp bardy.

Ataýew Türkmenistanyň bilim ulgamynyň transformasiýasyna bolan ygrarlylygy barada nygtap, sanly kontentiň işläp taýýarlanyşy, okatmak prosesine emeli aňyň ornaşdyrylmagy hem-de bitewi milli bilim platformasynyň döredilmegi ýaly bu ugurdaky milli başlangyçlar bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, ol maglumatlar arkaly okatmagyň şahsylaşdyrylan usulynyň derwaýyslygy hem-de döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygynyň orny barada belläp geçdi.

Şeýle-de emeli aňyň ahlak taraplary, inklýuziw sanly gurşawyň döredilmegi we halkara standartlar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ataýew Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň maslahatlaryna we YHÖG-nyň ýörelgelerine ygrarlylygy barada nygtady.

Maslahatlaşma uly gyzyklanma döredip, sanly döwürde durnukly bilim ulgamlary döretmek boýunça global dialoga öz goşandyny goşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026