HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

MediaTek Apple-yñ yzyndan ýetýär: sentýabrda 2-nm çipleriň önümçilige taýýarlanylşyna garaşylýar

Maý 21, 2025 | 19:20 |4920
Geçirilen Computex sergisinde Taýwan kompaniýasy MediaTek uly ösüş barada habar berdi: kompaniýa sentýabr aýyna çenli ilkinji 2-nm çipleriniň işlenip taýýarlanylmagyny tamamlamagy meýilleşdirýärGeçirilen Computex sergisinde Taýwan kompaniýasy MediaTek uly ösüş barada habar berdi: kompaniýa sentýabr aýyna çenli ilkinji 2-nm çipleriniň işlenip taýýarlanylmagyny tamamlamagy meýilleşdirýär
Çeşme: MediaTek

Geçirilen Computex sergisinde Taýwan kompaniýasy MediaTek uly ösüş barada habar berdi: kompaniýa sentýabr aýyna çenli ilkinji 2-nm çipleriniň işlenip taýýarlanylmagyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu ösüş, MediaTek-iň TSMC bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin boldy. TSMC ýylyň ikinji ýarymynda bu 2-nm çipleriň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Şeýdip, MediaTek Apple we Qualcomm ýaly ägirtlerden yza galmazlyga çalyşýar we bu öňdebaryjy tehnologiýany köpçülikleýin önümlerinde ulanjakdygyny kompaniýanyň baş direktory Rik Saý tassyklady.

2-nm tehnologiýadan başga-da, MediaTek öz işläp taýýarlamalaryny işjeň diwersifisirleýär. Kompaniýa Google Chromebooks üçin ýöriteleşdirilen 3-nm prosessorlaryny üpjün etmegi meýilleşdirýär. Emeli añ ulgamynda MediaTek, Nvidia bilen GB10 (DGX Spark ulgamy üçin) ýaly server ulgamlary üçin çipleri we çak edilmegine görä, noutbuklar üçin niýetlenen N1X prosessorlaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem MediaTek, GeForce RTX grafikasy bilen enjamlaşdyrylan prosessor ýadrolaryny awtomobil senagatyna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Nvidia-nyň NVLink Fusion interfeýsini ulanyp taýýarlanan önümleriň 2027-nji ýyldan ir çykmagyna garaşylmaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026