HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabada Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti geldi

Maý 21, 2025 | 15:10 |4382
21-24-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti iş saparynda bolar.21-24-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti iş saparynda bolar.
Çeşme: TRT haber

21-24-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti iş saparynda bolar. Oňa Geňeşiň başlygy Erol Ozwar ýolbaşçylyk edýär.

Saparyň maksady ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolar.

Saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutuldy. Hususan-da, türk wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşygy geçiriler. Gepleşiklere Türkmenistanyň bilim ministri hem gatnaşar. Maslahatlaşmalar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar.

Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýaly ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilen. Wekiliýetiň medeni maksatnamasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň muzeýine baryp görmek ýaly çärelere bar. Myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp, Türkmenistanyň medeni mirasy bilen tanyşarlar.

Saparyň ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026