HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Leo XIV-i Rim Papasy hökmünde işe girişmegi bilen gutlady

Maý 20, 2025 | 05:05 |4771
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi
Çeşme: Reuters

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Papa Leo XIV-niň bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Papa Leo XIV-ä jogapkärli wezipede berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw etdi.

Bu Türkmenistanyň dinleriň arasyndaky dialogy we ýurduň daşary syýasatynda esasy orny eýeleýän parahatçylygy berkitmek ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar. Türkmenistan Watikany bu ugurda möhüm hyzmatdaş hökmünde görüp, halkara giňişliginde ählumumy gymmatlyklary we özara düşünişmegi wagyz etmegi işjeň goldaýar.

18-nji maýda Watikanda 267-nji Rim Papasynyň, Rimiň ýepiskopy Leo XIV-iň resmi taýdan işe girişmegi (intronizasiýa) mynasybetli dabara geçirildi.

Bir gün öň, 16-njy maýda Rim Papasy Leo XIV Watikandaky akkreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Robert Frensis Prewost, ozalky Rim Papasy Fransisk aradan çykanyndan soň maý aýynyň başynda Rim Papasy hökmünde saýlandy we Leo XIV adyny aldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026