Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Balkanabat günbatar sebitdäki içerki ugurlar üçin gelýän we ugradylýan uçarlar üçin howa menziline öwrüler

Maý 18, 2025 | 23:45 |4872
Milli “Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň günbatar sebitine ýerine ýetirilýän içerki uçar gatnawlarynyň tertibinde üýtgeşmeler barada ýolagçylara habar berdiMilli “Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň günbatar sebitine ýerine ýetirilýän içerki uçar gatnawlarynyň tertibinde üýtgeşmeler barada ýolagçylara habar berdi
Çeşme: orient.tm

Milli “Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň günbatar sebitine ýerine ýetirilýän içerki uçar gatnawlarynyň tertibinde üýtgeşmeler barada ýolagçylara habar berdi.

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, ozal Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden (Aşgabat, Türkmenabat, Mary we Daşoguz ugurlary boýunça) ýerine ýetirilýän gatnawlar wagtlaýyn togtadylýar.

Şol bir wagtda, awiakompaniýa şol bir ugurlar boýunça indi täze halkara derejesindäki Balkanabat şäheriniň howa menzilinden gelip-gidýän görnüşde yzygiderli gatnawlary işe girizýär. Gürrüñ şu ugurlardaky gatnawlar barada gidýär: Aşgabat – Balkanabat – Aşgabat, Türkmenabat – Balkanabat – Türkmenabat, Mary – Balkanabat – Mary we Daşoguz – Balkanabat – Daşoguz.

Şeýlelik bilen, görkezilen şäherler bilen günbatar sebitiniň arasynda syýahat edýän ýolagçylar üçin Balkanabat täze gelip-gidýän howa menziline öwrülýär.

Türkmenbaşy şäheriniň howa menzili arkaly öň gatnaw biletlerini satyn alan ýolagçylar üçin:

Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylyşy ýa-da mugt ugur üýtgedişligi hödürlenýär. Onlaýn satyn alnan biletler üçin bolsa, mugt ýatyrmak we Balkanabat arkaly alternatiw ugra täzeden resmileşdirmek mümkinçiligi bar. Bu meseleleri çözmek üçin Türkmenistandaky islendik awiabilet satyn alyş nokadyna ýüz tutup bilersiňiz, onlaýn biletler üçin bolsa turkmenistanairlines.tm resmi web sahypaayndan peýdalanyñ.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026