HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe Respublikasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasy geçirildi

Maý 17, 2025 | 15:20 |5209
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Alaniýa şäheriniň uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Alaniýa şäheriniň uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Alaniýa şäheriniň uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.

Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Alaniýa şäheriniň häkimi Fatih Ýürkmezer, Alaniýa uniwersitetiniň rektory, professor Aýkut Ekenji, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülik habar beriş serişdeleri wekilleri gatnaşdy.

1

Şunda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.

2

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite taýýarlanylan wideo ýazgylara tomaşa etdiler we 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda bu möhüm senä bagyşlanyp geçiriljek halkara forumynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar.

Bulardan başgada, maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi guraldy.

2

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Alaniýa uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türk dilinde neşir edilen kitaplarynyň nusgalary sowgat berildi.

Mundan başga-da, Alaniýa şäherinde geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew Alaniýanyň häkimi Fatih Ýürkmezer we Alaniýa uniwersitetiniň rektory Aýkut Ekenji bilen duşuşyklary geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026