HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen RF-iň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Maý 16, 2025 | 23:25 |6582
Şu gün RF-iň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildiŞu gün RF-iň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: rais.tatarstan.ru

Şu gün RF-iň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Wladimir Putin “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026