HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi

Maý 16, 2025 | 19:30 |4691
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi. Bu çäreler ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, Watanyna hem-de onuň döwlet nyşanlaryna buýsanç döretmek maksady bilen guraldyTürkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi. Bu çäreler ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, Watanyna hem-de onuň döwlet nyşanlaryna buýsanç döretmek maksady bilen guraldy
Çeşme: medeniyet.gov.tm

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň kitaphanalarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirildi. Bu çäreler ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, Watanyna hem-de onuň döwlet nyşanlaryna buýsanç döretmek maksady bilen guraldy.

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezi kitaphana ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphanasynyň işgärleri Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Konstitusiýa, döwlet baýdagy – döwletliligiň we garaşsyzlygyň nyşanlary» atly çäre geçirdiler. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda Watanumyzyñ garaşsyzlygynyñ we halk buýsanjynyñ baş nyşanlar hökmünde kabul edilýän Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy baradaky gyzykly maglumatlary ýetirdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Esasy Kanuny – döwlet gurluşyny, adam we raýat hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny berkidýän Konstitusiýa bilen Garaşsyzlygyň nyşany bolan Döwlet Baýdagy halkymyzyň bitewiligini, mertebesini, bagtyýar şu gününi we ýagty geljegini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk aýdym-sazly çäre Aşgabadyñ medeniýet müdirliginiñ merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Büzmeýin şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşykda çykyş edenler Konstitusiýanyň hem-de Döwlet Baýdagynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň esasy ýörelgelerini şöhlelendirýändigini bellediler. Çykyşlarda Konstitusiýanyň hem-de onuň esasynda döredilen kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen utgaşdyrylmagy ýurduň gülläp ösüşiniň, häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili hökmünde görkezildi. Döwlet Baýdagynyň bolsa parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, durmuş we zähmet kanunçylygynyň çäklerinde kanunyň hökmürowanlygynyň we raýatlaryň hukuklarynyň berk kepillendirilýändigi, munuň bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni ösüşini üpjün edýändigi aýdyp geçildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026