HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazana 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň Medeni paýtagty derejesi berildi

Maý 16, 2025 | 15:00 |5429
«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň maslahatynyñ jemlerini jemläp, Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa öňümizdäki döwür üçin esasy wezipeleriň birini yglan etdi: «Öñümizde uly we umumy maksat bar. Kazan – 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolar»«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň maslahatynyñ jemlerini jemläp, Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa öňümizdäki döwür üçin esasy wezipeleriň birini yglan etdi: «Öñümizde uly we umumy maksat bar. Kazan – 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolar»
Çeşme: tatar-inform.ru

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň maslahatynyñ jemlerini jemläp, Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa öňümizdäki döwür üçin esasy wezipeleriň birini yglan etdi: «Öñümizde uly we umumy maksat bar. Kazan – 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolar».

Maslahata Azerbaýjan, Bahreýn, Gwineýa-Bisau, Indoneziýa, Eýran, Gazagystan, Mawritaniýa, BAE, Oman, Pakistan, Palestina, Saud Arabystany, Somali, Sudan, Sýerra-Leone, Täjigistan, Özbegistan hem-de YHG, Yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ISESCO) we Arap döwletleriniň ligasy gatnaşdy. Maslahatyñ esasy temasy: «Medeniýetleriň dialogy — köpugurly dünýäde şahsyýetiň we köpdürlüligiň goralmagynyň binýady».

Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri bilen KazanForum–2025-iň çäklerinde Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow duşuşdy. «Munuň ýaly çäreler bizi ýakynlaşdyrýar. Biz ISESCO bilen ýakyndan işleýäris» - diýip, respublikanyň ýolbaşçysy belledi.

Yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň 13-nji maslahatynyñ karary bilen, Kazana 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň Medeni paýtagty derejesi berildi. Munuñ bioen baglylykda indiki ýylda 12 çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Bu karar üçin sag bolsun aýdýaryn we sizi şu çärelerimize gatnaşmaga çagyrýaryn» - diýip, Tatarystanyň Raisi ministrlere ýüzlendi.


“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly Halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyň 13–18-nji maýy aralygynda 16-njy gezek geçirilýär. Forumyň çäklerinde 200-den gowrak çäre meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda: yslam ýurtlarynyň ulag ministrleriniň, medeniýet ministrleriniň, baş prokurorlarynyň we auditorlarynyň maslahatlary; dünýäniň iň iri yslam maliýe maslahaty; halal senagaty boýunça maslahatlar; yslam ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň forumy; ykdysadyýet, söwda we emläk ugurlary boýunça halkara sergiler (40 müň inedördül metrden gowrak meýdanda). 2025-nji ýylda 103 ýurtdan wekiller hasaba alnyşyklardan geçdi. 2024-nji ýylda bolsa çäre dünýäniñ 87 ýurdynyñ, RF-niň 87 subýektiniñ we 40-dan gowrak diplomatik missiýanyñ 20 müňden köpräk gatnaşyjysyny ýygnady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026