HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda jazz konserti: meşhur owazlaryň we mukamlaryñ ajaýyp agşamy

Maý 15, 2025 | 23:40 |5172
Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary paýtagtymyzda bolup geçjek jazz tomaşasynyň şaýady bolarlar. Maý aýynyň 23-i we 24-i agşam sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezi bu ajaýyp žanryň muşdaklary üçin gapylaryny açarAşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary paýtagtymyzda bolup geçjek jazz tomaşasynyň şaýady bolarlar. Maý aýynyň 23-i we 24-i agşam sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezi bu ajaýyp žanryň muşdaklary üçin gapylaryny açar
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary paýtagtymyzda bolup geçjek jazz tomaşasynyň şaýady bolarlar. Maý aýynyň 23-i we 24-i agşam sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezi bu ajaýyp žanryň muşdaklary üçin gapylaryny açar.

Konsertiň maksatnamasynda dünýäniň meşhur jazz aýdymçylarynyň – Frank Sinatra, Ella Fitsjerald, Maýkl Bubla we beýleki sahna nusgalyk ussatlarynyň repertuaryndan nusgawy eserlere öwrülen aýdymlar bar. Jazz nostalgiýasynyň ruhuna baý bu sazlar diňleýjileriň kalbyny heýjana getirip, bu çylşyrymly, taryhly we inçe stili bilen tapawutlanýan sazyň dünýäsi bilen tanyşdyrar.

Sahna çykjaklaryñ arasynda belli artistler bar: harizmatiki solist Döwran Şammyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, jazz ussady we nazaryýetçisi Aram Bezikýan, şeýle hem zehinli dirižýor Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky sazlaşykly we täsirli jazz orkestri. Taslamanyň awtory we döredijilik ýolbaşçysy – Mähri Şammyýewa.

Konsert topary diňe bir öz çykyşlary bilen diňleýjileriň kalbyny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň konsert medeniýetini ösdürmäge hem goşant goşmagy maksat edinip, tomaşaçylara aýdym-sazly çäreleriñ täze formatyny hödürlär.

Agşamyň aýratyn gurşawyny döretmäge hem uly ähmiýet berilýär. Sahna bezeg işleri bilen Melek Art House topary meşgullanýar, olar ýerine ýetirişe gözellik we täsirli wizual elementler goşmagy wada berýärler. Guramaçylyk taýdan goldawy Sanly Hasap hususy kärhanasy berýär.

Bu konsert täze sahypanyň başlangyjynda ilkinji notadyr. Guramaçylar ýurduň medeni durmuşyny täze we ylham beriji saz çäreleri bilen baýlaşdyrmak ugrunda uly meýilnamalary öñde goýup, olar hem tomaşaçylary, hem sazandalary ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

imgonline-com-ua-Frame-blurred-Au75AgKVBy0Zlv12.jpg

Konsertiň guramaçylary hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ähli soraglar bilen şu salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz: shammyyevamahri@gmail.com.

Senesi: 2025-nji ýylyň 23-i we 24-i maýy, sagat 19:00.

Ýeri: «Türkmenistan» kinokonsert merkezi, Aşgabat.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99371679711

+99361477563

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026