HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda Bütindünýä sanly bilim maslahaty geçirilýär

Maý 15, 2025 | 21:20 |5626
Bilim boýunça döwlet gurluşygyny çaltlandyrýan Hytaý, bilim ulgamynda sanly transformasiýany we intellektual döwrebaplaşdyrmany yzygiderli öňe sürer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan, 14-nji maýda Uhan şäherinde başlan «Bilimiň ösüşi we transformasiýasy: intellekt döwri» atly tema bilen geçirilýän 2025-nji ýylyň Bütindünýä sanly bilim maslahatynyñ açylyş dabarasynda çykyş edip aýtdyBilim boýunça döwlet gurluşygyny çaltlandyrýan Hytaý, bilim ulgamynda sanly transformasiýany we intellektual döwrebaplaşdyrmany yzygiderli öňe sürer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan, 14-nji maýda Uhan şäherinde başlan «Bilimiň ösüşi we transformasiýasy: intellekt döwri» atly tema bilen geçirilýän 2025-nji ýylyň Bütindünýä sanly bilim maslahatynyñ açylyş dabarasynda çykyş edip aýtdy
Çeşme: Sinhua

Bilim boýunça döwlet gurluşygyny çaltlandyrýan Hytaý, bilim ulgamynda sanly transformasiýany we intellektual döwrebaplaşdyrmany yzygiderli öňe sürer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan, 14-nji maýda Uhan şäherinde başlan «Bilimiň ösüşi we transformasiýasy: intellekt döwri» atly tema bilen geçirilýän 2025-nji ýylyň Bütindünýä sanly bilim maslahatynyñ açylyş dabarasynda çykyş edip aýtdy. Hytaýyñ Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik geňeşiniň agzasy Din Sýuesýanyň bellemegine görä, Hytaý sanly bilimi ösdürmäge aýratyn üns berýär. Onuň sözlerine görä, ýurduň maksady has adalatly, ýokary hilli we akylly sanly bilim ulgamyny döretmekden, şeýle hem ähli ilat üçin elýeterli we dowamly okatmagy üpjün etmekden ybaratdyr, diýip "Sinhua" habar berýär.

Hytaý hökümetiniň başlygynyñ orunbasary intellekt döwründe bilimi ösdürmegiň depginini peýdalanmaga, sanly bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we BMG-niň Ählumumy sanly ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň tizleşdirilmegine çagyrdy. Ählumumy sanly ylalaşygyñ maksady – sanly, maglumat we innowasion deňsizlikleriň öňüni almak üçin köp taraplaýyn çäreleri üpjün edýän umumy dünýä binýadyny döretmekdir. Ylalaşykda adam hukuklaryna esaslanýan, açyk, erkin we goragly sanly geljegi gazanmak üçin ýörelgeler, maksatlar we hereketler görkezilýär. Şeýle hem ol adam bähbitlerine gönükdirilen we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berýän ýörelgeleri öz içine alýar.

Çäräniň açylyş dabarasyna Hytaýdan we daşary ýurtlardan 600-den gowrak adam, şol sanda hökümet işgärleri, degişli halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniñ, başlangyç we orta mekdepleriň wekilleri, şeýle hem bilermenler we alymlar gatnaşdy. 2025-nji ýylyň Bütindünýä sanly bilim maslahaty 16-njy maýa çenli dowam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026