HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Maý 15, 2025 | 17:10 |4594
2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Mirshulawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň çalt depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda özara Medeniýet günleriniň ähmiýeti nygtaldy.

1

Şeýle hem, Ilçi 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň meýilleşdirilýändigini belledi. Ol Ilçihananyň şeýle hem bu senelere bagyşlanan dürli çäreleri Gruziýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ilçi, şeýle hem 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamany goldaýandygy we awtordaş çykyş edendigi üçin Gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

2

Taraplar Halkara parahatçylyk we yananyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri Türkmenistanda we Gruziýada bilelikde geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

G.Mirshulawa iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini belläp, mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026