HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli añ tatar dilinde işläp bilmegi öwrener

Maý 15, 2025 | 14:15 |5145
Emeli añyñ Russiýanyň az sanly halklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, tatar dilinde işlemegiñ öwredilmegi KazanForum çäginde gol çekilen ylalaşyk bilen göz öňünde tutulýarEmeli añyñ Russiýanyň az sanly halklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, tatar dilinde işlemegiñ öwredilmegi KazanForum çäginde gol çekilen ylalaşyk bilen göz öňünde tutulýar
Çeşme: eaes.eu

Emeli añyñ Russiýanyň az sanly halklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, tatar dilinde işlemegiñ öwredilmegi KazanForum çäginde gol çekilen ylalaşyk bilen göz öňünde tutulýar. Bu ylalaşyk Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasy, Innopolis uniwersiteti we AIRI instituty tarapyndan baglaşyldy. Bu barada forumyň metbugat gullugy Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Aýrat Hasýanowa salgylanyp habar berýär. Emeli añ Natural Language Processing – NLP ugurynda işläp biler – bu ugur kompýuterleriň tebigy dillerdäki tekstlere düşünmek (analiz) we döretmek (generasiýa) meselelerini öwrenýär.

«Biz şu gün emeli añ boýunça Russiýada öňdebaryjy merkezleriň biri bolan AIRI instituty bilen ylalaşyga gol çekdik. NLP boýunça işlenip düzülen netijeleri ähli türki diller üçin ulanmak mümkinçiligi bolar. Şeýle hem biz bu netijeleri Russiýanyň beýleki dilleriniň meselelerini çözmekde ulanmak üçin ornaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Ýakyn wagtda geçirmäge niýetleýän işlerimiziň biri – Kazan Digital Week çäginde emeli aña bagyşlanan umumy maslahaty hem-de tebigy dili işlemek tehnologiýalary boýunça hakaton gurnamakdyr» - diýip, Hasýanow belledi.

Ylalaşygyñ çäginde AIRI institutynyň hünärmenleri, şol sanda tatar dilinde, dil nusgalaryny ösdürmek bilen meşgullanar. Enjam üpjünçiligi boýunça hyzmatdaş hökmünde Bauman adyndaky Moskowanyñ Döwlet Tehniki Uniwersiteti çykyş edýär.

Bu uniwersitetde «Teragraf» superkompýuterleriniň üstünde işlenilýär, olaryň üsti bilen Tatarystanyň giň sanly dil mirasy terjime edilýär. Bauman adyndaky MDTU-nyň «Teragraf» taslamasynyň ýolbaşçysy geljegi uly bolan dil nusgalaryny durmuşa geçirmek üçin tehnologiýa platformasynyň döredilýändigini habar berdi. Bu ýerde diňe nerw ulgamly çemeleşmeden ýüz öwürmek bilen birlikde, maglumatlaryň tebigy görnüşde – biri-biri bilen baglanyşykly maglumatlaryñ görnüşinde görkezilmegine mümkinçilik berýän bilim graflarynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu wezipe täze hasaplaýyş pikiri hökmünde kabul edilýär we ol tehniki enjamlaryň hem täzeden işlenmegini talap edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026