HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Maý 12, 2025 | 23:05 |3942
Ermenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýarErmenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýar
Çeşme: iStock

Ermenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýar.

«Aşgabat ylalaşygyna goşulmak agza döwletleriň çäginden ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy üçin ygtybarly şertleriň döredilmegine, multimodal daşamalaryň ýönekeýleşdirilmegine, ulag çykdajylarynyň azaltmagyna, ýurduň üstaşyr ähmiýetiniň ýokarlanmagyna, daşamalaryň howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna hem-de agza ýurtlaryň ulag guramalary üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam eder» - diýlip, kanunçylyk başlangyjynyň düşündiriş ýazgysynda aýdylýar.

«Başlangyç Ermenistanyň halkara bazarlaryna çykmagyny, halkara daşamalar üçin geçelge boýunça ulag resminamalarynyň utgaşdyrylmagyny, gümrük teetibiniñ ýönekeýleşdirilmegini we agza ýurtlaryň ulag infrastrukturasyndan kemsiz peýdalanmagyny hem üpjün eder» - diýlip, resminamada nygtalýar.

Şeýle-de bolsa, başlangyçdan öň, Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky taslama Ermenistanyň Konstitusiýa kazyýetine hödürlenmeli. Ylalaşygyñ Konstitusiýa laýyk gelýändigi tassyk bolanda, resminama parlamentiň garamagyna berler.

Aşgabat ylalaşygy 2011-nji ýylyň ýazynda Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Onuň maksady Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda üznüksiz gury ýer halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmekdi.

Soňlugy bilen, bu ylalaşyga Pakistan, Gazagystan we Hindistan hem goşuldy. Geçen ýylyň awgustynda bolsa, Gyrgyzystanyň Hökümeti hem bu ulag geçelgesine goşulmak baradaky karary makullady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026