HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alty ýurduň demir ýol edaralary Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça ylalaşdylar

Maý 12, 2025 | 22:25 |3696
Tähranda Eýranyñ, Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Türkmenistanyñ, Türkiýäniñ we Özbegistanyň demir ýol dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyk geçirildiTähranda Eýranyñ, Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Türkmenistanyñ, Türkiýäniñ we Özbegistanyň demir ýol dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Çeşme: rail-news.kz

Tähranda Eýranyñ, Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Türkmenistanyñ, Türkiýäniñ we Özbegistanyň demir ýol dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bu çäre Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe/Ýewropa ugrunda netijeli ulag geçelgesiniň emele getirilmegi boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy.

Duşuşygyň çäklerinde bu ugur boýunça konteýner daşamalaryny işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki hereketler barada ylalaşyga gelindi. Taraplar bäsdeşlige ukyply nyrh şertlerini tassykladylar we otlularyň hereketini gurnaýyş boýunça esasy ölçegleri, şol sanda tutuş ugur boýunça ýük daşamagyň umumy wagtynyň saklanylmagy barada ylalaşdylar. Şeýle hem, halkara daşamalar bazarynda bu geçelgäniň öňe sürülmegine giň goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Tährandaky gepleşikler gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we olaryň üstaşyr mümkinçiliginiň artdyrylmagynda möhüm ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026