HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Digital Uzbekistan 2025 Merkezi Aziýa we ÝYB ýurtlarynyň bazarlarynyň wekillerini jemlär

Maý 12, 2025 | 19:35 |3696
2025-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň Geljegi uly taslamalar boýunça Milli agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldanýan halkara PLUS-Forum Digital Uzbekistan 2025 çäresi geçiriler2025-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň Geljegi uly taslamalar boýunça Milli agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldanýan halkara PLUS-Forum Digital Uzbekistan 2025 çäresi geçiriler
Çeşme: bluescreen.kz

2025-nji ýylyň 28-29-njy maýynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň Geljegi uly taslamalar boýunça Milli agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldanýan halkara PLUS-Forum Digital Uzbekistan 2025 çäresi geçiriler. Bu çäre Merkezi Aziýadaky iň uly forumlaryň biri bolup, Merkezi Aziýa hem-de ÝYB ýurtlarynyň bazarlarynyň esasy wekillerini bir ýere jemlär. Foruma maliýe tehnologiýa kompaniýalary we startaplar, IT-parklar, akseleratorlar, işewürlik-perişdeler, bank we töleg ulgamy boýunça dünýä belli bilermenler, riteýl-ulgamlaryñ, elektron söwda, lomaý söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, gözleg agentlikleri, konsalting kompaniýalary, halkara bank jemgyýeti, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bazar wekilleri, ätiýaçlandyryş we logistika kompaniýalary gatnaşar.

PLUS-Forum Digital Uzbekistan döwlet edaralarynyň, bank pudagynyň we söwda ulgamlarynyň özara gatnaşyklary baradaky möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanar. Onuň strategik maksatlarynyň biri — Özbegistanyň ykdysady ösüşine täze itergi bermek, bank we maliýe tehnologiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek, şeýle hem täze, şol sanda halkara taslamalary durmuşa geçirmekdir. Forum onlaýn we offlaýn riteýl söwdasynyň ösdürilmegine we onuň täsirli özgertmelerine hem ýardam eder.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Digital Uzbekistan 2025 forumynyň gatnaşýanlary şu möhüm temalary ara alyp maslahatlaşarlar: Sanlylaşdyrmak — döwletiň we bank ulgamynyň ählumumy ugry; GovTech, döwlet dolandyryşynda elektron hyzmatlar we G2B2C; Maliýe tehnologiýalary; Emeli añ; Blokçeýn we akylly şertnamalar; Kripto senagaty 2025; Open Banking и Open API; Cybersecurity; Yslam maliýe ulgamy; Elektron söwda (e-Commerce); Logistika we ýerine ýetiriş hyzmatlary (fulfillment); Tehnologiýada zenan ýolbaşçylar (Women CEO in Tech); Mikrokarz bermekde durnukly ösüş; HR we beýleki temalar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026