HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ bilen Saud Arabystany 600 milliard dollarlyk geleşik baglaşdylar

Maý 14, 2025 | 13:05 |4900
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna döwlet sapary bilen başlanan Ýakyn Gündogar sapary, 600 milliard dollarlyk ylalaşyklar we maýa goýum borçnamalary bilen bellenildiABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna döwlet sapary bilen başlanan Ýakyn Gündogar sapary, 600 milliard dollarlyk ylalaşyklar we maýa goýum borçnamalary bilen bellenildi
Çeşme: overclockers.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna döwlet sapary bilen başlanan Ýakyn Gündogar sapary, 600 milliard dollarlyk ylalaşyklar we maýa goýum borçnamalary bilen bellenildi. Ak Tamyň saýtynda 13-nji maýda neşir edilen beýannamasynda, baglaşylan geleşikler taryhy we iki ýurduň hem üýtgetmegine getirjek hyzmatdaşlyk diýlip atlandyrylýar we "Birleşen Ştatlar bilen Saud Arabystanynyň arasynda täze altyn hyzmatdaşlyk eýýamyny" açýandygy bellenilýär. Bu ylalaşyklaryñ energetika howpsuzlygyny we goranyş senagatyny güýçlendirýändigi, ABŞ-nyň tehnologiýa öñdebaryjylygyny, global infrastruktura we möhüm minerallara elýeterliligini üpjün edýändigi nygtalýar.

Beýannamanyň “Ykdysady gülläp ösüş üçin strategik hyzmatdaşlygyň berkidilmegi” atly birinji bölüminde maýa goýum gurluşyk taslamalarynyñ, haryt we hyzmat eksportlary bilen baglanyşykly iň möhüm ylalaşyklaryñ mysallary getirilýär. Saud kompaniýasy DataVolt tarapyndan ABŞ-da emeli añ maglumat merkezlerine we ABŞ-de energetika infrastrukturasy üçin 20 milliard dollarlyk maýa goýum meýilleşdirilýär. Google, DataVolt, Oracle, Salesforce, AMD we Uber kompaniýalary iki ýurt üçin öňdebaryjy ösdüriji tehnologiýalara 80 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga borçlanÿarlar. Iri eksport üpjün etmeler 14,2 milliard dollar möçberinde GE Vernova kompaniýasynyň gaz turbinalary we energetika çözgütleri hem-de AviaLease üçin umumy bahasy 4,8 milliard dollarlyk Boeing 737-8 ýolagçy uçarlary öz içine alýar. Saglyk pudagynda Shamekh IV Solutions, LLC kompaniýasy 5,8 milliard ABŞ dollary möçberinde, şol sanda Miçiganda ýokary öndürijilikli damar içi ergin öndürýän zawod gurmak üçin maýa goýar.

ABŞ bilen Saud Arabystany, taryhda iň uly goranyş üpjünçiligi ylalaşyga hem gol çekdi — bu 142 milliard dollardan gowrakdyr we Saud Arabystanyna iň döwrebap söweş enjamlary bilen üpjünçiligi hem-de ABŞ-nyň birnäçe goranyş kompaniýasyndan hyzmatlary öz içine alýar. Ylalaşyk bukjasy Saud Arabystanynyň ýaragly güýçleriniñ mümkinçiliklerini artdyrmak, saud harby akademiýalary we harby lukmançylyk gulluklaryny güýçlendirmek üçin okuw we goldaw mümkinçiliklerini hem berýär. Ak Tamyň bellemegine görä, bu "geleşik Saud Arabystanynyň goranyş ulgamyna we sebitleýin howpsuzlyga uly maýa goýumdyr we ol amerikan ulgamlaryna we okuwyna daýanýar.

Neşir edilen beýannamanyň "Has çuň hyzmatdaşlyklar bilen täze mümkinçilikleriň açylmagy" atly ikinji bölüminde, ABŞ bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň soňky segsen ýylda has güýçlenendigi nygtalýar. Saud Arabystanynyň ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolandygyny tassyklaýan mysallar hökmünde Saud Arabystanyñ Birleşen Ştatlara bäş sany göni maýa goýumlaryň we söwda dolanyşygynyň sanlary getirilýär. Beýannamada iki ýurduň ykdysady taýdan has çuň integrasiýa bolan ygrarlylygy bellenilýär, Saud Arabystany Patyşalygynyñ saglygy goraýyş, energetika we ylym ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge borçlydygy nygtalýar.

Energetika hyzmatdaşlygy boýunça ABŞ-nyň Energetika ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyñ Energetika ministrliginiň arasynda baglaşylan ylalaşyk, energetika infrastrukturasy boýunça innowasiýa, ösüş, maliýeleşdiriş we ornaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, Saud Arabystanynyň Senagat we minerallar serişdeler ministrligi bilen ABŞ-nyň Energetika ministrligiñ arasynda baglaşylan peýdaly magdanlar we mineral serişdeleri gazyp almak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama ykdysady ösüşe, diwersifikasiýa we möhüm mineral üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Älem pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin NASA bilen Saud Arabystanynyň Kosmos agentligi ylalaşyk baglaşdy. ABŞ bilen Saud Arabystany medeniýet, bilim we ylmy hyzmatdaşlygy hem çuňlaşdyrmak baradaky ygrarlylygyny tassyklap, birnäçe medeniýet edsralarynyñ arasynda ylalaşyklara gol çekdiler. Beýannamada bellenilişi ýaly, köp taraplaýyn “ABŞ bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň uzak möhletleýin gülläp ösüşi we iş mümkinçiligi baradaky umumy garaýşyny görkezýär”.

Ak Tam tarapyndan neşir edilen Beýannamanyň jemleýji bölüminde, Er-Riýadda gol çekilen resminamalaryň paketi Prezident Trampyň “Amerikany ýene-de beýik ýurt etmek, maýa goýumlary höweslendirmek we adalatly söwda şertnamalary arkaly Amerikanyň iş üpjünçiligini we gülläp ösüşini çaltlandyrmak” baradaky wadalarynyň ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasy hökmünde görkezilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026