HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Päk ahlakly moda görkezilişi — Modest Fashion Day — Kazanda Pakistanly we Indoneziýaly dizaýnerleriň kolleksiýalary görkeziler

Maý 14, 2025 | 16:25 |5873
Modest Fashion Day moda görkezilişi — sadalyk estetikasy, medeni özboluşlylyk we häzirki zaman moda akymlaryny birleşdirýän ajaýyp waka — 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:30-da «Korston» binasynda, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI Halkara ykdysady forumyñ çäklerinde geçiriler. Podiumda Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler.Modest Fashion Day moda görkezilişi — sadalyk estetikasy, medeni özboluşlylyk we häzirki zaman moda akymlaryny birleşdirýän ajaýyp waka — 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:30-da «Korston» binasynda, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI Halkara ykdysady forumyñ çäklerinde geçiriler. Podiumda Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler.
Çeşme: dzen.ru

Modest Fashion Day moda görkezilişi — sadalyk estetikasy, medeni özboluşlylyk we häzirki zaman moda akymlaryny birleşdirýän ajaýyp waka — 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:30-da «Korston» binasynda, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI Halkara ykdysady forumyñ çäklerinde geçiriler. Podiumda Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler. Olaryň her biri — stili, sadalygy we nepisligi birleşdirýän häzirki zaman modasynyň täze gözýetimi. Bu ýylyň aýratynlygy hökmünde erkekler üçin modest stilindäki birnäçe görnüşiň görkezilmegi bellenilýär.

Görkeziljek brendler we ýurtlar: Umed Kuçkaliew – Täjigistan, MIN_ZIFA – Russiýa, Ufa; MARGA – Russiýa, Wladiwostok; Aadima – Katar; Danjyo Hiyoji – Indoneziýa; Atiya Khan – Pakistan; SHEHNA HUSSAIN – BAE; we Amal Al Raisi – Oman.

Modest fashion diňe bir stil däl, eýsem filosofiýadyr. Päk ahlakly geýim adamynyň ýaşaýyş ýörelgesini we gymmatlyklaryny görkezýär. Bu ugur bütin dünýäde çalt depgin bilen meşhurlyk gazanyp, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman estetikalarynyň arasynda dialog meýdançasy bolup hyzmat edýär.

Bu waka päk ahlakly moda ugrundaky dizaýnerleri goldap, olaryň halkara hünärmenler bilen tejribe alyşmagyna, aragatnaşyk gurmagyna hem-de rus we daşary ýurtly modaçylar üçin döredijilik mümkinçiliklerini görkezmegine ajaýyp platforma hödürleýär.

2025-nji ýylda Modest Fashion Day moda görkezilişi halk döredijiligini, milli däp-dessurlary we halklaryň medeni mirasyny häzirki zaman moda akymlary we dünýä estetikalary bilen birleşdirer. Täzeden döredilen podium geçmiş bilen geljegi, özboluşlylyk bilen innowasiýany birleşdirýän medeni dialog meýdançasyna öwrüler. Moda dili arkaly görkeziliş kökler bilen baglanyşyk ýitirmän geljege seretmäge mümkinçilik döreder we älemiň sazlaşygy hem-de aýlaw häsiýeti barada ýatladar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026