HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty “Açyk gapylar gününi” geçirdi

Maý 12, 2025 | 20:58 |3897
2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty geljekki dalaşgärler, harby gullugyny tamamlaýan esgerler hem-de önümçilik ulgamynda işleýän ýaş hünärmenler üçin gapylaryny giňden açdy. “Açyk gapylar güni” atly çäre myhmanlara ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty geljekki dalaşgärler, harby gullugyny tamamlaýan esgerler hem-de önümçilik ulgamynda işleýän ýaş hünärmenler üçin gapylaryny giňden açdy. “Açyk gapylar güni” atly çäre myhmanlara ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi
Çeşme: tdei.edu.tm

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty geljekki dalaşgärler, harby gullugyny tamamlaýan esgerler hem-de önümçilik ulgamynda işleýän ýaş hünärmenler üçin gapylaryny giňden açdy. “Açyk gapylar güni” atly çäre myhmanlara ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň başynda myhmanlara institutyň diwarlarynda geçýän joşgunly talyp durmuşyny görkezýän wideoşekil görkezildi. Soňra mugallymlar we talyplar institutda alnyp barylýan häzirki zaman taslamalar barada giňişleýin gürrüň berdiler, barlaghanalaryñ döwrebap enjamlaşdyrylyşyny görkezdiler we ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanyşdyrdylar.

Çäräniň iň täsirli pursatlarynyň biri zehinli “Kuwwat” talyp ýaşlar toparynyň çykyşy boldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary mähirli we dostlukly gurşawy döretdi.

“Açyk gapylar gününiň” ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlara hemişe goldaw berýändigi we ýokary hilli bilim almak hem-de hünär taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Bu çäre geljekki talyplar üçin öz bilim ýoluny saýlamakda möhüm ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026