HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwaly geçirildi

Maý 13, 2025 | 13:02 |5484
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Talyp joşguny–2025” atly talyp döredijilik festiwalynyň institut tapgyry geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna laýyklykda guraldy.

Festiwal Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, şu maksatlara gönükdirildi:

  • Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky üstünlikleriniň wasp edilmegi.

  • Talyp ýaşlaryň milli medeniýetimize bolan düşünjeleriniň has-da çuňlaşdyrylmagy.

  • Talyp ýaşlaryň aýdym-saz hem-de tans boýunça zehinleriniň ýüze çykarylmagy we görkezilmegi.

Festiwalyň çäklerinde institutyň “Kuwwat” döredijilik topary çykyş etdi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilen giň mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026