HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Silkway Accelerator startaplary goldamak maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryñ kabul edişligi açyldy

Maý 12, 2025 | 21:00 |3669
2025-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli Silkway Accelerator maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär. Bu startaplary goldamak boýunça innowasion maksatnama bolup, ol Google for Startups bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar2025-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli Silkway Accelerator maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär. Bu startaplary goldamak boýunça innowasion maksatnama bolup, ol Google for Startups bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar
Çeşme: digitalbusiness.kz

2025-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli Silkway Accelerator maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär. Bu startaplary goldamak boýunça innowasion maksatnama bolup, ol Google for Startups bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Maksatnamanyň bäşinji tapgyrynyň işe girizilendigini Astana Hub halkara tehnologik parky yglan etdi. Tehnologik parkyň web sahypasynda Silkway Accelerator maksatnamasy üç aýlyk çaltlaşdyrylan offlaýn okuw hökmünde görkezilýär. Bu okuwlar gatnaşyjylara öz işini düýpgöter özgertmäge, maksatlara ýetmegiñ strategiýalaryny işläp düzmäge, onuň girdejiligini giňeltmäge we çalt depginde ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlaryndan – Gazagystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, şeýle hem Azerbaýjandan Gruziýadan we Mongoliýadan bolan PMF we Scale tapgyryndaky IT taslamalar gatnaşyp bilerler.

Silkway Accelerator maksatnamasy maýadarlar bilen duşuşmaga, wençur gaznalar we işewürlik-perişdeler bilen aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa startaplar üçin maýa goýumlara, maliýe goldawyna, goşmaça çeşmelere we ekspertiza ýol açýar. Maksatnamanyň çäklerinde okuw sessiýalary, ussatlyk sapaklary, amaly sapaklar, şahsy maslahatlar geçirilýär, şeýle hem netijeliligi yzarlamak üçin trekerler bilen işleşmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Üstünlikli işewürligi guran ýokary derejeli bilermenler startaplary ösdürmek üçin marketing, maliýe, satuw we beýleki ugurlar boýunça aýratyn sessiýalary geçirerler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026