HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler

Maý 11, 2025 | 19:30 |4644
Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler. Bu tema Owganystanyň Hyrat welaýatynyň wekiliýeti bilen Mary welaýatynyň işewürleriniň we senagatçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde esasy temalaryň biri boldyTürkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler. Bu tema Owganystanyň Hyrat welaýatynyň wekiliýeti bilen Mary welaýatynyň işewürleriniň we senagatçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde esasy temalaryň biri boldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň geljegine seredýärler. Bu tema Owganystanyň Hyrat welaýatynyň wekiliýeti bilen Mary welaýatynyň işewürleriniň we senagatçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde esasy temalaryň biri boldy.

Hyrat welaýatynyň häkimi Noruddin Ahmad Islam Jaryň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň Mary şäherine amala aşyran saparynyň netijeleri barada 10-njy maýda “Bakhtar News” agentligi tarapyndan habar berildi.

Saparyň dowamynda häkim Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylyklary we Mary welaýatynyň hususy pudagynyň köp sanly wekilleri bilen duşuşdy. Ara alyp maslahatlaşmalar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, tehniki tejribe alyşmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek meselesine gönükdirildi diýip, owgan habarlar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

uthfn.jpg

Hyratdan gelen wekiliýet 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Mary welaýatynyň senagat kärhanalaryna baryp gördiler

Ozal ORIENT-iň habar berşi ýaly, 5-8-nji maý aralygynda Mary welaýatynda goňşy Owganystanyň Hyrat welaýatyndan myhmanlar – döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň onlarça wekilini öz içine alýan uly wekiliýet kabul etdildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026