HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler

Maý 05, 2025 | 13:20 |4843
2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisine we maslahatyna hasaba alnyşyk açyldy.2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisine we maslahatyna hasaba alnyşyk açyldy.
Çeşme: ashgabat-white-city.com

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisine we maslahatyna hasaba alnyşyk açyldy.

25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek maslahat we sergi Türkmenistanyň paýtagtynyň häzirki zaman, durnukly we ýaşaýyş üçin amatly şäher hökmünde gazananlaryny açyp görkezmek we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna, şol sanda şäher gurluşyk, binagärlik, ulag, jemagat hojalygy, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklara wekilçilik edýän ýolbaşçylar we hünärmenler öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de şäher gurşawynyň ösüşiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar. Çäre çalt ösýän Aşgabat şäherinde elýeterli bolan maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga hem özboluşly meýdançany hödürlär.

Çäräniň guramaçylary bolup, Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Maslahat bilen bilelikde geçiriljek sergi şäher durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion çözgütleriň görkeziljek meýdançasy bolar. Kompaniýalar we guramalar gurluşyk, abadanlaşdyryş, “akylly şäher” we beýleki meňzeş ugurlar boýunça özüniň işläp taýýarlamalaryny görkezip bilerler.

Giňişleýin maglumat we gatnaşmaga hasaba alnyşyk üçin çäräniň resmi saýtyna geçiň https://ashgabat-white-city.com/ru.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026