HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Huawei HarmonyOS operasion ulgamynyň ekoulgamyny giňeldýär

Maý 09, 2025 | 19:20 |5655
Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei geçen penşenbe güni özüniň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän ilkinji şahsy kompýuterleriniň /ŞK/ hataryny 19-njy maýda hödürlejekdigini yglan etdi. Bu çäre HarmonyOS ekoulgamynyň ep-esli giňeldilmeginiň alamatydyr. Bu ulgam eýýäm smartfonlary we planşetleri birleşdirýär we olaryň işini üpjün edýär. Ýurduň ilata niýetlenen ilkinji içerki operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan kompýuterleri bazara çykarmak arkaly Huawei kompaniýasy şahsy kompýuter bazarynda uzak wagt bäri hökmürowanlyk edýän Microsoft Windows we Apple macOS ulgamlaryna garşy çynlakaý bäsdeşlik etmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” habar berýär.Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei geçen penşenbe güni özüniň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän ilkinji şahsy kompýuterleriniň /ŞK/ hataryny 19-njy maýda hödürlejekdigini yglan etdi. Bu çäre HarmonyOS ekoulgamynyň ep-esli giňeldilmeginiň alamatydyr. Bu ulgam eýýäm smartfonlary we planşetleri birleşdirýär we olaryň işini üpjün edýär. Ýurduň ilata niýetlenen ilkinji içerki operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan kompýuterleri bazara çykarmak arkaly Huawei kompaniýasy şahsy kompýuter bazarynda uzak wagt bäri hökmürowanlyk edýän Microsoft Windows we Apple macOS ulgamlaryna garşy çynlakaý bäsdeşlik etmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” habar berýär.
Çeşme: ixbt.com

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei geçen penşenbe güni özüniň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän ilkinji şahsy kompýuterleriniň /ŞK/ hataryny 19-njy maýda hödürlejekdigini yglan etdi. Bu çäre HarmonyOS ekoulgamynyň ep-esli giňeldilmeginiň alamatydyr. Bu ulgam eýýäm smartfonlary we planşetleri birleşdirýär we olaryň işini üpjün edýär. Ýurduň ilata niýetlenen ilkinji içerki operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan kompýuterleri bazara çykarmak arkaly Huawei kompaniýasy şahsy kompýuter bazarynda uzak wagt bäri hökmürowanlyk edýän Microsoft Windows we Apple macOS ulgamlaryna garşy çynlakaý bäsdeşlik etmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” habar berýär.

HarmonyOS ulgamynda işleýän Huawei kompýuterleri 1 000-den gowrak daşarky enjam bilen utgaşykly işleýşi üpjün edýär. Şu günki gün bu kompýuterler üçin ýöriteleşdirilen 150-den gowrak programmalary bar hem-de ekoulgamyñ çäginde işläp bilýän 300-den gowrak goşundy bilen utgaşyklydyr. Huawei tarapyndan bellenilişi ýaly, täze kompýuterler bu brendiň enjamlarynyň arasynda bökdençsiz gatnaşyk mümkinçiligini üpjün edýär: ulanyjylar telefonlarynyň, planşetleriniň we kompýuterleriniň ekranlaryny dolandyryp, olaryň arasynda klawiatura we syçan kömegi bilen geçip bilerler.

Şeýle hem, HarmonyOS ulgamy öz içine berk howpsuzlyk serişdelerini alýar: şol sanda şifrleme üçin ýörite howpsuzlyk çipi, ygtybarly elýeterlilik we şifrlenen maglumatlaryň alyş-çalyşygy üçin gurallar girizilendir. Ilkibada 2019-njy ýylyň awgustynda işe girizilen HarmonyOS (hytaýça — Hunmen) dürli enjamlar we ulanyş senariýalary üçin niýetlenen açyk çeşmeli operasion ulgamdyr. Ol akylly ekranlary, planşetleri, geýilýän enjamlary we ulaglary öz içine alýar. Bilermenleriň pikirine görä, Huawei häzirki wagtda ulanyjylary özüne çekmek üçin has kän tagalla etmeli bolar, sebäbi häzirki bazarda Windows we macOS ulgamlary has kämil we baý goşundy ekoulgamy bilen tapawutlanýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026