HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşaýyş üçin amatly parahatçylyk ugrundaky dialog — 28-nji Ýewraziýa ykdysady sammitiniň temasy

Maý 09, 2025 | 14:30 |4547
7–8-nji maýda Stambulda dawalar, howanyň üýtgemegi, ykdysady deňsizlik we migrasiýa ýaly global meseleleriň çözgüdini gözlemäge bagyşlanan 28-nji Ýewraziýa ykdysady sammiti geçirildi7–8-nji maýda Stambulda dawalar, howanyň üýtgemegi, ykdysady deňsizlik we migrasiýa ýaly global meseleleriň çözgüdini gözlemäge bagyşlanan 28-nji Ýewraziýa ykdysady sammiti geçirildi
Çeşme: aa.com.tr

7–8-nji maýda Stambulda dawalar, howanyň üýtgemegi, ykdysady deňsizlik we migrasiýa ýaly global meseleleriň çözgüdini gözlemäge bagyşlanan 28-nji Ýewraziýa ykdysady sammiti geçirildi. Sammitde 50-ä golaý ýurtdan syýasatçylaryň, diplomatlaryň, alymlaryň we telekeçileriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň sammitiň gatnaşyjylaryna iberen ýüzlenmesinde, 1998-nji ýyldan bäri sammitiň ykdysadyýet, syýasat, diplomatiýa we ylym ugurlary boýunça öňdebaryjy wekilleri birleşdirýän abraýly halkara platforma bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Ministr durnukly parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň göni ykdysady ösüş we abadançylyk bilen baglydygyny belläp, ykdysady diplomatiýany halkara geosyýasy gapma-garşylyklary ýeňip geçmegiň köprüsi hökmünde ulanmagy teklip etdi. Türk diplomatiýasynyñ ýolbaşçysy Ýewraziýa ykdysady sammitiniň täze pikirleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, köptaraplaýyn gepleşikleriň berkemegine we hyzmatdaşlygyň anyk görnüşleriniň ösdürilmegine mümkinçilik berýän platforma hökmünde hyzmat etmegini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Çäräniň guramaçysy hökmünde Stambulda ýerleşýän Marmara Group Strategik we durmuş barlaglary gaznasy çykyş etdi. Gaznanyň prezidenti Akkan Suwer sammiti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda inklýuziw gepleşiklere ýardam berýän özboluşly platforma hökmünde häsiýetlendirdi. "Sinhua" agentliginiñ habar bermegine görä, ol gutlag sözünde şeýle diýdi: “Barha köpelýän gapma-garşylyklar we polýarizasiýa bilen häsiýetlenýän häzirki dünýäde, biziň "Ýaşaýyş üçin amatly parahatçylyk ugrundaky dialog" diýen temamyz raýat jemgyýeti, akyl we wyždanyň bizi parahatçylyga we hyzmatdaşlyga alyp barmalydygyny gyssagly ýagdaýda ýatladýar”.

Global meseleleriň çözgüdine zerur bolan köpugurly çemeleşme “Ekologiýa, ykdysadyýet, energetika we emeli aň” hem-de “Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy” ýaly tematik sessiýalarda beýan edildi. “Tebigy betbagtçylyklara durnukly şäherler” atly sessiýada şäher infrastrukturasyny pugtalandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan tebigy betbagtçylyklaryň artýan howpuna garşy durnuklylygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. “Parahatçylyk we dialog” atly sessiýada bolsa häzirki üýtgeýän dünýäde parahatçylygy gurmak we konstruktiw dialog üçin täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026