HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mary welaýaty we Täjigistanyň Hatlon welaýaty gatnaşyklary giňeldýär

Maý 09, 2025 | 15:55 |4848
Täjigistan bilen Türkmenistanyň dürli möhüm ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi iki ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda esasy tema boldy. Oba hojalygy, senagat, şeýle hem medeni-ynsanpewer we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildiTäjigistan bilen Türkmenistanyň dürli möhüm ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi iki ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda esasy tema boldy. Oba hojalygy, senagat, şeýle hem medeni-ynsanpewer we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi
Çeşme: khovar.tj

Täjigistan bilen Türkmenistanyň dürli möhüm ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi iki ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda esasy tema boldy. Oba hojalygy, senagat, şeýle hem medeni-ynsanpewer we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bu ugurlardaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdylar. Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow bilen duşuşyk 7-nji maýda geçirildi.

TMMG “Howar”yň maglumatlaryna görä, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesi, hususan-da, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Döwlet dolandyryş edarasynyň ýerine ýetiriji guramasy bilen Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimliginiň arasynda bar bolan Ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ylalaşyk iki sebitiň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, dumuş, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary durmuşa geçirmegiň esasyny kesgitleýär.

Bu nukdaýnazardan şeýle hem iki ýurduň kärhanalary we işewür wekilleriniň arasynda hemişelik iş gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we goldamagyň ähmiýeti bellendi. Dowam edýän çärelere özara gatnaşmagyň hem-de Hatlon we Mary welaýatlarynda durmuşa geçirilýän häzirki taslamalar barada yzygiderli maglumatyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýlelik bilen, duşuşyk Täjigistan bilen Türkmenistanyň iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak islegini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026