HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda, dokma we işewürlikdäki ösüş: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagynynyň depgini

Maý 08, 2025 | 23:55 |2955
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda söwda, senagat we telekeçilik pudaklarynda esasy görkezijilerde ösüş hasaba alyndyTürkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda söwda, senagat we telekeçilik pudaklarynda esasy görkezijilerde ösüş hasaba alyndy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda söwda, senagat we telekeçilik pudaklarynda esasy görkezijilerde ösüş hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Berlen maglumatlara görä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,6%-e, öndürilen önümleriň ösüş depgini 0,6%-e barabar boldy.

Dokma senagaty ýokary ösüş depginini görkezýär. Nah ýüplügiň önümçiligi – 38,2%, nah matalaryňky – 48%, gön önümleriniňki – 31%, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 112,8% üpjün edildi.

Durnukly ösüş hususy pudagyň işinde hem hasaba alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 12,5%, senagat önümleriniň öndürilişi 4,5% ýokarlandy.

Beýan edilen görkezijiler ýurduň ykdysadyýetinde içerki önümçiligiň okgunly ösýändigini, eksport mümkinçilikleriniň pugtalandyrylýandygyny we işewürligiň işjeňliginiň artýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026