Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

Maý 10, 2025 | 09:00 |6477
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär.«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär.
Çeşme: telecom.tm

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.

Hyzmat bir wagtda bir telefon belgisine birnäçe gelen jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa aragatnaşyk ugrunda islendik wagtda elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Bu aýratynlyk giň müşderi binýady bolan guramalar üçin örän möhüm bolup, hemişelik ikitaraplaýyn gatnaşygy saklamaga mümkinçilik döredýär.

«Jañlar merkezine» birikdirme şertnama baglaşylandan soň amala aşyrylýar. Bu esasy aragatnaşyk ugurlarynyñ ýeňilleşdirilmegine hem-de hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Müşderiler zerur maglumatlary tiz we amatly wagtda alyp bilýärler, bu bolsa kompaniýa bolan ynamyň artmagyna kömek edýär.

Hyzmatyň mümkinçiliklerine şular girýär:

awtomatiki sesli garşylama;

interaktiw ses ulgamy (IVR);

jaňlaryň degişli bölümlere ýa-da işgärlere ugradylyşy;

ähli gepleşikleriň ýazgy edilmegi.

Giňişleýin maglumatlary 071 telefon belgisi boýunça ýa-da «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi sahypasynda https://telecom.tm/tm/call-center/ alyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026