HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niñ ýolbaşçylary TOPH turbageçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar

Maý 09, 2025 | 01:40 |6900
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, sebitdäki esasy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde onlaýn gepleşik geçirdilerTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, sebitdäki esasy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde onlaýn gepleşik geçirdiler
Çeşme: Reşid Meredowyň 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Amir Han Muttaki bilen duşuşygy (mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, sebitdäki esasy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde onlaýn gepleşik geçirdiler.

Owganystanyň DIM-niň beýannamasynda taraplaryň iki ýurduň arasynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýollaryny öwrenendigi bellenilýär. Gepleşikleriň çäginde diplomatik hyzmatdaşlyk we bilelikdäki başlangyçlaryny, aýratyn-da, türkmen tebigy gazyny Owganystanyñ üsti bilen Pakistan we Hindistana geçirmäge niýetlenen TOPH turbageçirijisini ilerletmek imeseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Muttaki iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “ozalkylardan has berk” diýip häsiýetlendirdi we häzirki sebit ýagdaýynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine amatly şert döredýändigini aýtdy. Ol Talyban tarapyndan sebit ösüş taslamalaryna ygrarlylyk görkezilýändigini tassyklady.

Metbugat beýanatyna görä, ministr Meredow TOPH taslamasy bilen baglanyşykly soňky wakalary makullady we Türkmenistanyň demir ýol gurluşygy, söwda hem-de sebitleýin üstaşyr geçirmeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky meýilnamalaryny beýan etdi. Şeýle hem, ol ýakyn geljekde owgan söwdagärleri üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdiriljekdigini aýtdy.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri ýokary derejeli maslahatlaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar. Bu gepleşikler TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga, demir ýol ulag gatnawlarynyñ giňeldilmegine, elektrik energiýasynyň geçirilmeginiň gowulandyrylmagyna we umumy ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026