HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygy ýatlama agşamy bilen bellendi

Maý 08, 2025 | 22:10 |5058
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildiTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildi
Çeşme: medeniyet.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamy geçirildi. Gysga, ýöne şöhratly ömri ýaşan bu meşhur aýdymçy söýgi, gam-gussa we şatlyk bilen bezelip aýdylan aýdymlary bilen ýatda galdy. Ol aýdymlar häzire çenli halk arasynda söýlüp diňlenilýär. Şeýle hem, ol türkmen halkynyň gadymy sungat däplerini dowam etdirmek bilen, döredijilik ýolunda ýaşlara halypa bolup olaryñ hakydasynda ýaşaýar. Duşuşyga gatnaşanlar Annaberdi Atdanowyň döredijiligi barada çykyş etdiler hem-de onuň repertuaryndaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylda Bäherden etrabynyň Ýaraja obasynda dünýä inýär. Şol ýerde-de ýerli ansamblda we hor toparynda çykyş edip, döredijilik ýoluna başlaýar. 1959-njy ýylda ol respublikan döredijilik höwesjeñler bäsleşigine gatnaşyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanýar. Wagtyň geçmegi bilen onuň halk aýdymlaryny we döwrebap kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetiriş ukyby has-da tanalýar. Ol «Mukamyň syrlary» we «Keçpelek» ýaly tanymal kinofilmlerde baş keşpleriň aýdymlaryny ýerine ýetirip, meşhurlygyny has-da artdyrýar.

1970-nji ýylda ony Türkmenistanyň Döwlet filarmoniýasyna çagyrýarlar we onuň zehini has doly açylyp başlaýar. Türkmenistanyñ meşhur estrada aýdynçysy hökmünde Kanada, Mongoliýaýaly ýutrlarda çykyş edip, ol öz sungatynyñ muşdaklarynyñ sanyny has-da artdyrýar. 1982-nji ýylda estrada aýdymçysy Annaberdi Atdanow awtoulag heläkçiliginde aradan çykýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatyny we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin ol 1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada ölüminden soň mynasyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026
Tramp UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip etdi

Tramp UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýta Ak tamyň metbugat sekretary wezipesini teklip etdi

13:30 Noýabr 09, 2026