HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruzin ussalary meşhur Kremona skripkalarynyň önümçiligini özleşdirýärler

Maý 08, 2025 | 21:10 |4291
Tbiliside ilkinji elde ýasalan hünär skripkalary öndürýän seh işe başlady. Bu seh Tbilisiniñ «Georgian Sinfonietta» döwlet kamera orkestriniñ kamera saz gurallary ussahanasynyň esasynda döredildiTbiliside ilkinji elde ýasalan hünär skripkalary öndürýän seh işe başlady. Bu seh Tbilisiniñ «Georgian Sinfonietta» döwlet kamera orkestriniñ kamera saz gurallary ussahanasynyň esasynda döredildi
Çeşme: snl.no

Tbiliside ilkinji elde ýasalan hünär skripkalary öndürýän seh işe başlady. Bu seh Tbilisiniñ «Georgian Sinfonietta» döwlet kamera orkestriniñ kamera saz gurallary ussahanasynyň esasynda döredildi. Gruziýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýerli “Stradiwari” ussatlary üçin ýörite enjamlar satyn alyndy diýip, spress.ge habar berýär. Şonuň netijesinde ýurtda ilkinji gezek öňdebaryjy Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän ýokary hünär kamera saz gurallary taýýarlanýan ussahana döredildi. Bu ýerde ussalar köne kamera saz gurallaryny abatlap biljek we olaryň ses berijiligini ýokarlandyryp, täze saz gurallaryny hem öndürip bilerler.

Bu ýöriteleşdirilen ussahanada meşhur kremon skripka mekdebiniň ýeke-täk gruzin diplomly lýutýe (skripka ussasy), nusgawy kamera saz gurallarynyň ussady, restawrator, bilermen we sazanda Levan Sinsadze öz şägirtleri bilen bilelikde işlejekdir. 1982-nji ýylda ol skripka hünäri boýunça Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň kamera saz gurallary bölümini tamamlaýar. Soňra bolsa italýan skripka ussatlarynyň ýanynda okaýar. 1996-njy ýylda ol skripkalaryň watany bolan Kremonadaky Antonio Stradiwari adyndaky Halkara kamera saz gurallary institutyny tamamlaýar.

Neşirde bellenilişi ýaly, bu ýerde ilkinji skripka ussahanasy baryp 1539-njy ýylda açylypdyr, institut bolsa 1938-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Ilkinji kremon skripka ussady Andrea Amati XVI asyrda özboluşly senet usulyny döredip, ony nesillerine geçirdi. Şol bilimleriň kämilleşdirilmegi netijesinde Antonio Stradiwari tutuş dünýäde meşhur boldy. 2012-nji ýylda kremon däp-dessurlaryny dowam etdirýän ussalaryň bilimleri we nou-haulary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Tbilisiniň bu ussahanasy diňe bir ýurtda däl, eýsem tutuş sebitde Kremona mekdebiniň öňbaşçysy bolar. Hünärmenleriň pikiriçe, geljekde bu ussahana goňşy ýurtlardan we hatda uzak ýurtlardan hem kamera saz gurallarynyň abatlaýyş, sazlaýyş we öndürilmegi boýunça sargytlar alyp biler diýip, spress.ge ýazýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026