HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÇaparPay gollanmada Söwda gözegçiligi gullugynyň jerimelerini tölemek mümkinçiligi döredildi

Maý 07, 2025 | 13:30 |4515
Dürli görnüşli tölegleri amala aşyrmak üçin meşhur hyzmat ediş ÇaparPay ykjam gollanmasy öz wezipeleriniň giňeldilmegi barada habar berdiDürli görnüşli tölegleri amala aşyrmak üçin meşhur hyzmat ediş ÇaparPay ykjam gollanmasy öz wezipeleriniň giňeldilmegi barada habar berdi
Çeşme: orient.tm

Dürli görnüşli tölegleri amala aşyrmak üçin meşhur hyzmat ediş ÇaparPay ykjam gollanmasy öz wezipeleriniň giňeldilmegi barada habar berdi. Indi, gollanmada Döwlet söwda gözegçiligi gullugy bilen integrirlenen täze bölüm döredildi.

Girizilen täzeçilik söwda bilen meşgullanýan telekeiçleriň we fiziki şahslaryň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirer. Täze wezipäniň netijesinde ÇaparPay ulanyjylary öz smartfonlary arkaly Döwlet söwda gözegçiligi gullugy tarapyndan ýazylan jerimeleri tiz ýagdaýda töläp bilerler. Töleg prosesi bary-ýogy birnäçe gezek smartfonyň ekranyna basyp, beýleki hyzmat ediş nokatlaryna ýa-da döwlet edaralaryna ýüz tutmalary talap etmeýär.

Täze wezipäniň oňaýlylygy gollanmanyň içinde göni tölegden ybaratdyr. Ulanyjylaryň indi tölegiň alternatiw görnüşlerini gözläp tapmak ýa-da edara barmak üçin wagtlaryny sarp etmegiň zerurlygy ýok. Ähli tölegler goragly ýollar arkaly amala aşyrylyp, tranzaksiýalaryň howpsuzlygyny kepillendirýär. Töleg üstünlikli geçirilenden soňra, ulanyjylar ýuridiki resminama hökmünde ulanylyp bilinjek resmi tassyklaýşy alýarlar.

ÇaparPay gollanmasy ösmegini dowam edip, ulanyjylaryna has köp peýdaly we amatly wezipeleri hödürleýär. Mugt ýükläp almak üçin ÇaparPay ykjam gollanmasynyň Google Play-da we App Store-da elýeterlidigini ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026