HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek halkara sergilerinde harytlaryny görkezerler

Maý 07, 2025 | 11:30 |4347
Türkmenistan 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriljek Azerbaýjanyň Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk sergisine hem-de Azerbaýjanyň InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergisine gatnaşarTürkmenistan 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriljek Azerbaýjanyň Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk sergisine hem-de Azerbaýjanyň InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergisine gatnaşar
Çeşme: www.totalexpo.ru

Türkmenistan 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriljek Azerbaýjanyň Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk sergisine hem-de Azerbaýjanyň InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergisine gatnaşar. Çärä 30-dan gowrak ýurtdan 450-ä golaý kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, Türkmenistan giň gerimli pudaklaýyn forumlaryna gatnaşmagyny tassyklan gatnaşyjy-ýurtlaryň sanyna girdi. Munuň özi ýerli kärhanalara halkara meýdançalarynda öz önümlerini görkezmäge, şeýle hem mümkin bolan hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Bakunyň sergilerine gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalary üçin agrar we azyk senagaty pudaklarda gazananlaryny görkezmäge hem-de daşary ýurtly öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik bolar. Şeýle-de sergä Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we beýlekileriň kompaniýalary gatnaşar.

Caspian Event Organizers kompaniýasynyň wekili Bahruza Hidaýatzadeniň aýtmagyna görä, şu ýyl sergiler gatnaşyjylara we myhmanlara gatnaşyk we hyzmatdaşlygy gurmak üçin has köp mümkinçilikleri berer ýaly, dört günläp dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026