HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamy giriziler

Maý 07, 2025 | 10:00 |7270
Bu maksatlar üçin resminamalary tabşyrmakdan taýyn wizany almak prosesine çenli wiza arzalaryny sanly görnüşde işlemegiň doly aýlanyşygyny üpjün etjek awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.Bu maksatlar üçin resminamalary tabşyrmakdan taýyn wizany almak prosesine çenli wiza arzalaryny sanly görnüşde işlemegiň doly aýlanyşygyny üpjün etjek awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.
Çeşme: depositphotos

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy elektron wiza ulgamlaryny döretmäge girişýär. Bu maksatlar üçin resminamalary tabşyrmakdan taýyn wizany almak prosesine çenli wiza arzalaryny sanly görnüşde işlemegiň doly aýlanyşygyny üpjün etjek awtomatlaşdyrylan e-Visa ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen resmi bildirişiň maglumatlaryna laýyklykda, täze ulgam wiza resminamalaryny tabşyrmak, barlamak, işlemek we bermek proseslerini awtomatlaşdyrmaga niýetlenendir. Sanly platformanyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt raýatlar üçin wiza almak tertibini aňsatlaşdyrar hem-de migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini güýçlendirer.

Taslama degişli edara tarapyndan yglan edilen bäsleşige girizilen Lot № 2 çäklerinde amala aşyrylýar. Gyzklanma bildirýän programma üpjünçiliginiň kompaniýalary we işläp taýýarlaýjylary gatnaşmaga çagyrylýar. Teklipleri şu salgy boýunça tabşyryp bolýar: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi. Bäsleşige gatnaşmagyň nyrhy 200 ABŞ dollaryna barabar.

Arzalar 2025-nji ýylyň 22-nji maýyna çenli ýerli wagt boýunça sagat 09:00-10:00 aralygynda kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary 21-55-44, 70-17-86, 38-00-20, 38-00-34, 38-00-12 telefon belgileri boýunça alyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026