HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG şäherleriň we ilatly nokatlaryň ösüşi boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

Maý 07, 2025 | 00:20 |4883
6-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara bilermenleriň düzüminde gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) bahalandyryş toparynyň agzalary bilen duşuşygy geçirildi6-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara bilermenleriň düzüminde gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) bahalandyryş toparynyň agzalary bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

6-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara bilermenleriň düzüminde gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) bahalandyryş toparynyň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň esasy temasy Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-Habitat-yň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boldy.

Duşuşykda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-Habitat-yň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň ep-esli derejede işjeňleşdirilendigi barada bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk hem şäherlerde, hem oba ýerlerinde düzgünleşdirmek, meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak we daşky gurşawy goramak ýaly dürli ugurlar boýunça şäher gurluşyk hem-de ilatly nokatlary abadanlaşdyrmak babatda alnyp barylýan milli syýasatyň ösdürilmegine ýardam berýär.

turkmenistan-un-habitat (1).jpg

Taraplar Türkmenistanda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň wajyplygy barada nygtadylar. Bu maksatnamalar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda täze Gün tertibiniň çäklerindäki ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýär hem-de № 11- Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, ýaşaýşa ukyplylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek Durnukly ösüş maksadyna ýetmekde möhüm esas bolup durýar.

Gepleşikler konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Onuň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de oňa täze, anyk mazmun bermekde ikitaraplaýyn islegi tassykladylar.

Ozal biz ýurtda BMG-niň bölümleriniň wekiliýetlerini giňeltmek maksady bilen BMG Habitat-yň Türkmenistandaky Sebit edarasyny açmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygy barada habar beripdik.

ORIENT

Tema boýunça

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen dialog formatlaryny teklip etdi

Aşgabatda BMG-Habibat-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-Habitat hünärmenleri iş sapary bilen Aşgabada geldiler

Aşgabat özünde BMG-Habitat-yň Ýurt edarasyny ýerleşdirmäge taýýar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026