HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky forumy Duşenbede geçiriler

Maý 06, 2025 | 15:11 |4658
GDA gatnajyşy-döwletleriň XVIII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy 14-15-nji maý aralygynda Duşenbede geçirilerGDA gatnajyşy-döwletleriň XVIII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy 14-15-nji maý aralygynda Duşenbede geçiriler
Çeşme: mfa.gov.tm

GDA gatnajyşy-döwletleriň XVIII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy 14-15-nji maý aralygynda Duşenbede geçiriler. Onuň esasy temasy “Garaşsyz Döwletleriň arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” bolar diýip, GDA gatnaşyjy-döwletleriň Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň saýtynda habar berilýär. Bölümçe maslahaty Arkalaşygyň halklarynyň Beýik Ýeňşe goşan goşantlaryna bagyşlanan. Maslahatlaşma meýdançalarynda “Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýetinde däp-dessurlar we innowasiýalar”, “Ylymda we bilimde häzirki zaman tendensiýalary” hem-de “Arkalaşygyň ynsanperwer giňişligini ösdürmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri” ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň çäklerinde Milli ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, şeýle hem Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň müdirliginiň we GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk geňeşiniň bilelikdäki maslahaty meýilleşdirilen. Forumyň maksatnamasyna “Arkalaşygyň Ýyldyzy” we “Debýut Arkalaşygy” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy hem-de GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşlary girizildi.

Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy Arkalaşygyň giňişligindäki ýylyň esasy ynsanperwer çäresi bolup, onda köptaraply formatda geçen ýyl boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jemleri jemlenýär, bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar, GDA ýurtlarynyň has derwaýys özara gatnaşyk meseleleri boýunça täze çemeleşmeler işlenilýär. Forumlar, adat boýunça, GDA-da başlyklyk edýän ýurtlaryň paýtagtynda 2006-njy ýylan bäri ýylsaýyn geçirilýär.

Türkmenistan Arkalaşygyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekillerini iki gezek kabul etdi. 2012-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda GDA gatnajyşy-döwletleriň VII döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirilip, onuň baş temasy “GDA gatnaşyjy-döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüş strategiýasy: ugurlar we ösüş mümkinçilikleri” boldy. Forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy-döwletleriň zenanlar guramalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. 2019-njy ýylyň maýynda Aşgabatda GDA gatnajyşy-döwletleriň XIV döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirilip, oňa gatnaşyjylar “Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, ylym, bilim babatda dialog” atly temada ünsüni jemlediler. Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar üçin GDA-da Kitap ýylyna bagyşlanan sergi taýýarlandy.

Onda soňky ýyllaryň iň gowy neşirleri, şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň gaznasy tarapyndan guralýan “Sowgatlyk kitaplar” atly çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet kitahanasyna geçirilýän rus nusgawy we häzirki zaman edebiýaty görkezildi. Çäräni guramaçylara ähli Foruma gatnaşyjy-ýurtlar goşulyşdy. Wekiliýetler Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna özüniň sowgatlyk kitaplaryny getirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026