HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyñ Gürgen şäherinde türkmen öndürijileriniñ harytlarynyñ sergisi açyldy

Maý 05, 2025 | 17:15 |6534
Şu gün, 5-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyñ Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlarynyñ sergisi açyldy.Şu gün, 5-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyñ Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlarynyñ sergisi açyldy.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 5-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyñ Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlarynyñ sergisi açyldy. 1

Sergä Hasar, Täze aý, Balam, Owadan ülke, Bir kuwwat, Aýdyñ gijeler, Ýigit, Bars we beýlekiler ýaly türkmen kompaniýalarynyñ 50-si gatnaşýar. Sergi Türkmenistanyñ milli ykdysadyýetiniñ esasy pudaklarynyñ eksporta gönükdirilen önümlerini açyp görkezýär. Hususan-da, dokma, oba hojalyk we azyk senagaty önümleri, şeýle hem eksport mümkinçiligine eýe bolan beýleki pudaklaryñ önümleri görkezilendir. 2 Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ agzalary tarapyndan öndürilýän önümlere aýratyn üns berilýär. Munun özi ýurduñ eksport işiniñ ösüşine hususy pudagyñ goşýan goşandyny açyp görkezýär. Sergilenen harytlaryñ köpdürliliginiñ arasynda Türkmenbaşynyñ nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyñ(TNGIZT) önümleriniñ aýratyn orun tutýandygy bellärlikdir. Türkmenbaşynyñ nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli nebit-himiýa önümleri dürli ugurlarda, has takygy, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogara eksport edilýär. 3 Ýurduñ nebitgaz pudagynyñ öñdebaryjy kärhanasynyñ sergä gatnaşmagy Türkmenistanyñ eksport teklibiniñ diwesifisirlenen häsiýetini belleýär. Serginiñ gecirilýän ýeri hökmünde Gürgen şäheriniñ saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Bu şäher Eýranyñ demirgazyk böleginde ýerleşip, möhüm ykdysady we söwda merkezi bolmak bilen, ösen infrastruktura hem-de ýurduñ beýleki sebitleri we Merkezi Aziýanyñ döwletleri bilen ýola goýlan aragatnaşyklara eýedir. 4 Türkmenistanyñ bu sergä gatnaşmagy türkmen öndürijileriniñ we eýran hyzmatdaşlarynyñ arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, täze satuw bazarlaryny gözläp tapmak hem-de mümkin bolan maýadarlary çekmek üçin ajaýyp mümkinçilik berer. 5 Sergi 7-nji maýa çenli öz işini dowam eder. Serginiñ guramaçasy bolup Türkmenistanyñ Söwda-senagat edarasy çykyş edendigini bellemeli. 6

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026