HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda sport marafony geçirildi

Maý 05, 2025 | 16:20 |6205
Sport çäresine 550-den gowrak adam gatnaşdySport çäresine 550-den gowrak adam gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

Düýn, 4-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda “Sport – parahatçylygyň we ynayşmagyň girewi” atly marafon geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli toparynyň başlangyjy bilen bu sport çäresi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelidke Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.

Sport çäresine 550-den gowrak adam gatnaşdy. Iň ýaş gatnaşyjy 9 ýaşyndady. Iň ýaşulysy bolsa – 67 ýaşyndady. Ir säher bilen ylgamagyň 550-den gowrak muşdaklary, sport mekdepleriň, paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň, şäher jemgyýetçiliginiň we ýaşlaryň wekilleri marafonyň başlanýan ýerine çykdylar. 1

“Sport – parahatçylygyň we ynayşmagyň girewi” atly marafonynda erkekleriň arasynda iň ýokary görkezijileri görkezen şäheriň ýaşaýjysy Serdar Saparow bolup, ol 3580 m aralygy 11 minut 52 sekundyň içinde geçip bildi, aýallaryň arasynda bolsa şol aralygy 17 minut 15 sekundyň içinde geçen Waleriýa Baýewa ýeňiji boldy.

Şeýle hem erkek talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby Babanyýazow Pena bolup, ol 3580 m aralygy 9 minut 22 sekundyň içinde geçmäge başardy. Ýaş gyzlaryň arasynda marafonyň iň ýokary görkezijilerini görkezen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Esedowa Enejan bolup, ol şol bir aralygy 14 minut 33 sekundyň içinde geçdi.

Çagalaryň arasynda 74-nji orta mekedbiň 7-nji synp okuwçysy Orazmyradow Orazmyrat hem-de 76-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Seýidullaýewa Aýlar bolup, olaryň birinjisi 15 minut 49 sekundyň içinde, ikinjisi bolsa 13 minut 12 sekundyň içinde pellehana gelmäge başardylar. 2

Gürrüňsiz hasap boýunça öňdebaryjylar gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar bilen sylaglandy. Aýdym-sazly çykyşlar bolsa ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Bu dynç almak, pikirdeşler bilen gürrüňdeş bolmak hem-de ýakymly duýgylar üçin ajaýyp ýer boldy.

Marafonyň esasy maksady sagdyn ýaşaýyş durmuşy wagyz etmekden, dost- doganlyk gatnaşyklary, ýurduň bütewiliginiň we garaşsyzlygynyň esaslaryny berkitmekden ybarat boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026