HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KazanForum 2025 maslahatynda “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi boýunça täze taslamalar bilen tanyşdyrylar

Aprel 29, 2025 | 12:08 |3420
“Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň ulag ulgamynyň gün tertibiniň merkezi çäresi “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi atly sessiýa bolar.“Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň ulag ulgamynyň gün tertibiniň merkezi çäresi “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi atly sessiýa bolar.
Çeşme: kazanforum.ru

“Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň ulag ulgamynyň gün tertibiniň merkezi çäresi “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesi atly sessiýa bolar.

Gatnaşyjylar “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesiniň tutuş uzynlygyndaky infrasrtukturanyň ösüşine, daşamalaryň geografiýasynyň giňeldilmegine, ýük daşamalar üçin hukuk binýadynyň işläp taýýarlanylmagy barada gürrüň ederler. Maslahatlaşmalaryň dowamynda täze taslamalar hödürleniler.

Sessiýa RF-iň Hökümet wekilleri, Prezidentiň Administrasiýasynyň wekilleri, sebit häkimiýet edaralarynyň, ulag kopmaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Eýranyň, Türkiýe Respublikasynyň, Pakistanyň, Bahreýniň, Owganystanyň, BAE-niň, Saud Arabystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Kataryň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralaryndan daşary ýurt kärdeşleri gatnaşar.

“Hazarýaka döwletleriň ulag hyzmatdaşlygy” atly bölümçe sessiýasynda “Hazar bäşligi” ýurtlarynyň wekilleri (Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan) ulag geçelgeleriň monitoringine we dolandyryşyna gönükdirilen işläp taýýarlamalary hem-de amaly çäreler we gurallar boýunça toplan tejribeleri barada gürrüň bererler.

“Biz üçin halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri “Demirgazyk-Günorta” Halkara ulag geçelgesiniň tutuş uzynlygyndaky infrasrtukturanyň ösüşi, daşamalaryň geografiýasynyň giňeldilmegi, şeýle hem ýük daşamalar üçin hukuk binýadynyň işläp taýýarlanylmagy bolup durýar. Bu işe HUG-yň ugurlarynyň geçýän çäklerindäki ýurtlardan kärdeşlerimiz gatnaşar. Hazarýaka döwletleri hem-de Aziýada özara gatnaşyk we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyna gatnaşyjy-ýurtlar bilen ulag hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýäris. Awto ýol ugurlaryny we halkara awtomobil daşamalary ösdürmek, şeýle hem ulag logistikasyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işimizi dowam edýäris” – diýip, Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Roman Starowoýt belleýär.

13-18-nji maý aralygynda “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde ulag we logistika boýunça geçiriljek 5 sany çäräniň guramaçysy Russiýanyň Ulag ministrligidir.

Çäräniň doly maksatnamasy forumyň resmi saýtynda şu salgy boýunça elýeterlidir: https://kazanforum.ru/

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026