HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen operasynyň ýyldyzy Maýa Kulyýewanyň 105 ýyllygy Döwlet kitaphanasynda bellenildi

Aprel 26, 2025 | 23:45 |3420
2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygy bellenilýär2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygy bellenilýär
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygy bellenilýär. Bu ýubileý senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölümi tarapyndan döredijilik agşamy guraldy. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem onuň kärdeşleri we şägirtleri çykyş etdiler.

Döredijilik agşamynyň çäklerinde paýhas bäsleşigi geçirildi, oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň talyplary, şeýle-de Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edenlere baýraklar gowşuryldy.

001.jpg

Türkmen operasynyň ýyldyzy, sahnada ençeme ajaýyp keşpleri döreden, zehini bilen halkyň hormatyna we söýgüsine mynasyp bolan Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda dünýä indi. 1938–1941-nji ýyllarda P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda opera aýdymçysy hünär boýunça bilim aldy. Türkmenistanyň milli opera sungatynyň kemala gelen taryhy onuň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Zähmet ýoluna Maýa Kulyýewa 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynda ikinji kategoriýaly artist hökmünde başlady. 1945–1992-nji ýyllarda bu teatryň ýokary kategoriýaly opera solisti, 1992–2001-nji ýyllarda bolsa baş režissýory we sahnalaşdyryjy režissýory bolup işledi. 2010-njy ýyldan bäri bolsa Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň milli sazly-drama teatrynyň sahna ussady derejesinde drama artisti hökmünde çykyş etdi.

002.jpg

Maýa Kulyýewanyň sungatda eden işine döwlet tarapyndan ýokary baha berildi. Ol 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1955-nji ýylda bolsa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Watana ak ýürekden eden hyzmatlary, ussatlygy, türkmen sungatynyň ösmegine goşan ägirt uly goşandy üçin Maýa Kulyýewa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen beýik ada eýe bolup, «Altyn Aý» altyn medaly bilen sylaglanyldy.

Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi, zehinli sahna ussatylygy, dramatik ukyby oňa ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň meşhurlyk getirdi. Ol dünýä ýurtlaryna syýahat edip, türkmen aýdym-saz sungatyny giňden ýaýratdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026