HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy üstünlikli geçirildi

Aprel 28, 2025 | 19:50 |6692
Golaýda, has takygy 24-nji aprelde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandyGolaýda, has takygy 24-nji aprelde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy
Çeşme: tdh.gov.tm

Golaýda, has takygy 24-nji aprelde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

1

Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

2

Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar.

Aşgabat şäherinde bolan halkara ýaryşynda Azerbaýjanyň göreşçileri üç medal gazandylar. Olar “A” kategoriýada bir kümüş, iki bürünç medal gazandylar.

3

Azerbaýjanyň wekillerinden Ariz Huseýnow 68 kilograma çenli göreş ýayryşynda üçünji ýeri eýeledi. Şeýle hem, türgen 70 kilograma çenli agram derejesinde alyş boýunça bäsleşdi we bu gezek ikinji ýeri eýeledi. Alyş ýaryşyna gatnaşan Fidan Huseýnowa (60 kg) hem bürünç medal gazandy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

4

Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Türgenlerimiziň bu gazanan üstünligi ýurdumyzda sporty ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026