HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

KazanForum 2025 maslahatyna ilkinji gezek “Myhman” derejesi boýunça baryp bolýar

Aprel 28, 2025 | 15:05 |3800
2025-nji ýylda “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna barmak has hem aňsatlaşdy. Ilkinji gezek “Myhman” atly gatnaşmagyň täze we amatly derejesi girizildi.2025-nji ýylda “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna barmak has hem aňsatlaşdy. Ilkinji gezek “Myhman” atly gatnaşmagyň täze we amatly derejesi girizildi.
Çeşme: kazanforum.ru

2025-nji ýylda “Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna barmak has hem aňsatlaşdy. Ilkinji gezek “Myhman” atly gatnaşmagyň täze we amatly derejesi girizildi.

“Myhman” derejesi nämeleri öz içine alýar?

Bukja iň iri halkara maýa goýum we infrastruktura taslamalaryň sergileriniň biri bolan Russia Halal Expo sergisine barmak mümkinçiligini açyp berýär. Bu sergi “Kazan Expo”-da 30 müň m2 meýdanda ýerleşer. Onda ýurtlaryň, Russiýanyň sebitleriniň, halkara kompaniýalaryň we maliýe institutlaryň stendleri görkeziler. Munuň özi gatnaşyjylaryň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak, işewür aragatnaşyklary ýola goýmak we täze bazarlara çykmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Russia Halal Expo sergisinden başga-da “Myhmanlar” üçin aşakdakylar elýeterli bolar:

“Kazan Expo”-nyň 1-nji gaty – 400 m uzynlykdaky panorama galereýasy; Yslam ýurtlarynyň ýaş aşpezleriň halkara ýaryşynyň we International Property Market (IPM) halkara gozgalmaýan emlägiň sergisiniň geçiriljek “C” bölegi.

Nädip Forumyň myhmany bolmaly?

Gatnaşmaga ýazylmak üçin forumyň resmi saýtyna girip, “Hasaba alnyşyk” düwmä basmaly hem-de “Myhman” toparçasyny saýlamaly. Şahsy maglumatlar doldurylandan soňra, gatnaşmak üçin 1000 rubl möçberindäki bukjanyň nyrhyny tölemeli.

Hasaba alnyşyk 30-njy aprele çenli dowam edýär.

Näme üçin KazanForum maslahatyna baryp görmeli?

Bu işewürlik gurşawyna aralaşamagyň, halkara maýa goýum we tehnologiýa trendlerini görmegiň, täze peýdaly tanyşlyklary edinmegiň we işewürligiň üçin gözýetimleri açmagyň ajaýyp pursatdyr.

“Kazan Expo” çenli Kazanyň halkara howa menzilinden we “Kazan-1” we “Kazan-2” demir ýol menzillerinden baryp bolar.

Dünýä derejesindäki çäräniň bölegi bolmak mümkinçiligini elden gidirmäň!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026