HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

FAO-nyň täze başlangyjy ekoulgamlaryň dikeldilişi baradaky hasabatlaryň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir

Aprel 26, 2025 | 23:30 |2324
Şu hepde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) ekoulgamlary dikeltmek boýunça gözegçiligi we hasabat bermek işlerini gowulandyrmak maksady bilen täze başlangyjyny hödürlediŞu hepde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) ekoulgamlary dikeltmek boýunça gözegçiligi we hasabat bermek işlerini gowulandyrmak maksady bilen täze başlangyjyny hödürledi
Çeşme: © UNEP/ Todd Brown

Şu hepde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) ekoulgamlary dikeltmek boýunça gözegçiligi we hasabat bermek işlerini gowulandyrmak maksady bilen täze başlangyjyny hödürledi. "AIM4NatuRe" taslamasy FAO-nyň häzirki hereket edýän AIM4Forests maksatnamasyny doldurar we daşky gurşawy dikeltmekde gazanylan ösüş barada global maglumat toplumyny döretmäge mümkinçilik berer. «Ýurtlara tehniki tejribe, çözgütler we ösüşi takyk yzarlamak üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek arkaly, biz Tebigaty dikeltmek boýunça BMG-niň bu Onýyllygynyň hem-de geljekde adamlaryň we planetanyň bähbidi üçin bilelikde edýän tagallalarymyzyň hakyky we uzak möhletleýin netijelere eltmegini üpjün edip bileris» diýip, FAO-nyň baş direktory Sýuý Dunýuý aýtdy.

BMG-niň habar gullugynyň maglumatyna görä, bu başlangyç tebigaty dikeltmekde toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Ol tokaýlary, oba hojalyk ýerlerini, suw-bataklyk ýerlerini, şeýle hem öri meýdanlaryny we deňiz ekoulgamlaryny öz içine alýar. Dünýä ýurtlary eýýäm bir milliard gektar ýerleri dikeltmek boýunça borçnamalary öz üstlerine aldylar, bu bolsa, 2030-njy ýyla çenli global ýylylygyň 2°C derejeden aşmazlygyny üpjün etmek üçin zerur tagallalaryň üçden birini emele getirip biler. Ekoulgamyň dikeldilmegi ilaty azyk we ýaşaýyş serişdeleri bilen üpjün etmäge hem kömek edýär.

Emma köp ýurtlar pese düşen ekoulgamlary täzeden dikeltmegiň netijelerine netijeli gözegçilik etmek üçin zerur bolan tehnologiýalara we serişdelere eýe däl. Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Sekretariaty tarapyndan geçirilen soragnamanyň netijelerine görä, ýurtlaryň 80%-i ösüş boýunça maglumat ýygnamak mümkinçiliginiň ýokdugyny habar berdi.

AIM4NatuRe taslamasy hem hut şu meseläni çözmäge gönükdirilendir - ýurtlara häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterlilik bermek we global maglumat bazasyny döretmek üçin mümkinçilikleri ösdürmek arkaly kömek eder. Munuň netijesinde, çaklanan borçlardan anyk we barlanyp bilinýän netijelere geçmek mümkin bolar. Taslamanyň çäginde milli maglumatlary global ulgama utgaşdyrmak we umumylaşdyrmak üçin standart formatlar we protokollar işlenip düzülýär. Bu bolsa aç-açanlygy we deňeşdirilmegi ýokarlandyrar, şeýle hem ýurtlaryň üstüne ýüklenýän borçlary azaldar.

Başlangyjyň çäklerinde aýratyn üns ýerli halklaryň tebigaty dikeltmek boýunça gözegçilik işlerine «bio merkezleýin çemeleşme» esasynda goldaw berler. Bu çemeleşme ekoulgamdaky ähli janly jandarlaryň abadançylygyna gönükdirilen bitewi çemeleşmäni aňladýar. FAO-nyň ýerli halklar boýunça bölüminiň gatnaşmagynda Braziliýada we Peruda synag taslama amala aşyrylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026