HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HPG: global maliýe durnuklylygyna abanýan howplar artýar

Aprel 26, 2025 | 21:40 |2997
21–26-nji aprel aralygynda Waşingtonda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä Bankynyň (BB) ýolbaşçylyk ediji edaralarynyň ýazky mejlisi geçirilýär21–26-nji aprel aralygynda Waşingtonda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä Bankynyň (BB) ýolbaşçylyk ediji edaralarynyň ýazky mejlisi geçirilýär
Çeşme: Photo by MANDEL NGAN / AFP

21–26-nji aprel aralygynda Waşingtonda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä Bankynyň (BB) ýolbaşçylyk ediji edaralarynyň ýazky mejlisi geçirilýär. Bellenilişi ýaly, Amerikanyň täze tarif syýasaty sebäpli dünýä söwdasynda güýçli üýtgeşmeler bolup geçýän döwürde geçirilýän bu sessiýa, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan töwekgelçilikleriň şertlerinde global ykdysady we maliýe meseleleriniň çözülmegine itergi berer diýip, hünärmenler garaşýarlar. HPG täze «Global maliýe durnuklylygy baradaky hasabatynda» global maliýe durnuklylygyna abanýan howplaryň maliýe şertleriniň kynlaşmagy we söwda hem-de geosyýasy näbellilikleriň artmagy bilen ýokarlandygyny belleýär. Gaznanyň bahalandyryşyna görä, ýakyn geljekde howp döredip biljek esasy üç faktor görkezilýär:

(I) käbir möhüm bazarlarda aktiwleriň bahasy ýokary bolup galýar;

(II) karz serişdeleriniň paýy ýokary bolan käbir maliýe edaralarynyň bank ulgamyna baglanşygy;

(III) bazar täsirlenmeleri (özgermeler) we bergisi ýokary döwletleriň ykdysady durnuklylygynyň meseleleri we bergisi ýokary bolan döwletleriň ykdysady durnuklylygynyň meselesi.

Hasabatda şeýle hem geosyýasy howplar bilen bagly uly wakalaryň paýnamalaryň (aksionlaryň) bahalarynyň ep-esli peselmegine we döwlet karzlarynyň töwekgelçilik sylaglarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigi, şeýlelikde makro-maliýe durnuklylygyna uly howp döredýändigi görkezilýär. Kapital bazarlary serişdeleri çekmegiň we serişdeleri netijeli paýlamagyň mehanizmlerini üpjün etmek arkaly ykdysady işjeňligi höweslendirmekde möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin bu bazarlaryň we araçylyk edýän maliýe guramalarynyň durnuklylygy, aýratyn-da häzirki bazar üýtgeşmeleri we ykdysady näbellilik şertlerinde, makroykdysadyýet üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, HPG belleýär.

Şu şertlerde Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysy ähli döwletlere bergi derejesini azaltmaga gönükdirilen maliýe syýasatlaryny kem-kemden sazlamagy we «çeýe we ynamly» pul-karz syýasatyny goldamagy maslahat berdi. Mundan başga-da, döwletlere içerki we daşarky makroykdysady deňsizlikleri aradan aýyrmaga ileri tutulýan ähmiýeti bermek teklip edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026