HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrasyny goýbermäge taýýarlanýar

Aprel 26, 2025 | 10:31 |5523
Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrasyny goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrasyny goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.
Çeşme: uza.uz

Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrasyny goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.

Oňa Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy-döwletler bolan Wengriýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy. “Özbekkosmos” agentliginiň habar bermegine görä, bu duşuşyk Özbegistanyň başlangyjy bilen guralan “Space Technology Conference–2025” atly halkara maslahatynyň esasy çäresi boldy.

CubeSat formatly enjamyň hereketlendiriji böleginiň işläp taýýarlanylşy özbek inženerler tarapyndan amala aşyrylar.

Mundan başga-da, kosmos tehnologiýalaryna gyzyklanmany ýokarlandyrmak maksady bilen, TDG-na agza we synçy-ýurtlaryň ýaşlary üçin CanSat atly bäsleşigini geçirmek teklip edildi.

Azerbaýjan tarapy agza we synçy-ýurtlar üçin wirtual kosmos akademiýasy we geomaglumat ulgamy boýunça okuw maksatnamalaryny guramaga taýýardygyny bildirdi. Bu başlangyçlar ýaşlary älem işine çekmäge hem-de bu ugurda innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir.

Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň indiki bäşinji duşuşygyny Özbegistanda geçirmek barada ylalaşyga ýetilmegi möhüm ädim boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026