HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Aprel 24, 2025 | 15:30 |6379
Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.
Çeşme: president.uz

Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.

Sylagy gowşuryp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren ägirt uly hyzmatlaryny aýratyn belledi diýip, Özbegistanyň Baştutanynyň web sahypasynda habar berilýär.

“Ähli ägirt uly üstünlikler, uly göwrümli özgerişler we doganlyk Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň ýokarlanmagy Siziň adyňyz bilen berk baglanyşyklydyr” – diýip, Özbegistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Şawkat Mirziýoýew, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip, yglan etmek baradaky teklibiniň giň halkara goldawyna eýe bolandygy bellendi.

Nygtalşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy tagallalary netijesinde häzirki wagtda özbek-türkmen gatnaşyklary iň ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi nusgalykdyr.

24042025-nacionalnyj-lider-turkmenskogo-naroda-nagrazhden-vysshej-nagradoj-respubliki-uzbekistan (2).jpg

Parlamentariler, Hökümet, sebitler, işewürler, jemgyýetçilik, intelligensiýalar we biziň ýurtlarymyzyň ýaşlarynyň derejesinde işjeň aragatnaşyklar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda diňe söwda dolanyşygy birnäçe esse ýokarlandy we 1 milliard dollardan geçdi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýokary bahalara mynasyp. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl Aşgabatda we Daşkentde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň özbek dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy şeýle hem Aşgabatda geçirilen halkara kinofestiwalynda bilelikdäki özbek-türkmen çeper filminiň premýerasy aýratyn bellenildi.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy, köpmilletli özbek halkynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa görnükli döwlet işgäri, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde tüýs ýürekden hormat goýýandygynyň beýany boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026