HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy

Aprel 23, 2025 | 23:45 |4796
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY GRUZIÝA

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrmagynda we berkidilmeginde ýokary derejedäki saparalaryň hem-de parlamentara hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuny bellediler.

DSC_7782.jpg

2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň, şeýle hem iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we ysnyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen parlamentara dostluk toparlarynyň eýeleýän uly orny aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar iş saparlaryny we duşuşyklaryny gurnamak meselelerine seredip geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň köptaraplaýyn ugurda ýagny, halkara guramalarynynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki işjeň özara hyzmatdaşlygyny bellediler. Gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldylar.

DSC_7912.jpeg

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026